Top.Mail.Ru

«Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň işine wagtlaýyn arakesme berildi

12:0313.07.2020
0
50942

2020-nji ýylyň 13-nji iýulyndan Aşgabatdaky «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezi wagtlaýyn ýapylýar. Bu ýerde sanitar arassaçylyk we zyýansyzlandyryş işleri geçiriler. Bu barada merkeziň sowal-jogap gullugy «Turkmenportala» habar berdi.

Häzir merkezdäki söwda nokatlaryndan diňe «Kämil» söwda zynjyry işleýär. Onuň mobil programmalar arkaly onlaýn hyzmat hem berýändigini ýatladýarys. Şol hyzmatlar bilen «Kämil» market harytlary öýe çenli getirip berýär.

2014-nji ýylda açylan «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezi 10 ýyl abadançylyk we Atatürk köçeleriniň çatrygynda ýerleşýär. Ol diňe bir türkmen paýtagtyndaky däl, tutuş ýurtdaky iň iri köpugurly söwda merkezleriniň biridir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň