Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda daşky gurşawda tozan bölejikleri kadadan artyk derejede köpeldi

11:0607.07.2020
0
122320

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we lderman senagaty ministrliginiň Maglumat merkezi Aşgabat şäherindäki atmosfera howasynyň ýagdaýy we geçirilen seljermäniň netijesinde, günorta-gündogardan, demirgazyk-gündogardan we demirgazykdan Türkmenistanyň çägine howa akymynyň täsiri sebäpli ýel-tozan işjeňliginiň kadadan artyk ýagdaýda aralaşandygyny habar berdi.

Daşky gurşawdaky tozanyň köpelmeginiň adam saglygy üçin, ýagny dem alyş ulgamy üçin amatsyzdygy hasaba alyndy. Tomsuň ortalarynda howanyň düzüminiň üýtgemegi we içindäki patogen maddalaryň köpelmegi sebäpli tebigy-ekzogen täsiri azaltmak üçin saglyk ulgamynyň işgärleri, söwda nokatlary, jemgyýetçilik ulaglary we beýleki hyzmat işgärleri we ähli raýatlar lukmançylyk agzy-burun örtüklerini we şahsy gorag enjamlaryny ulanmalydyrlar.

Dowamly we allergiki keselleri bolan raýatlar hem şol bir öňüni alyş çärelerini görmelidir. Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylygynyň düzgünlerini berjaý etmek, ilki bilen elleriňizi ýuwmak, öýde we iş şertlerinde arassa bolmak zerurdyr.

Eller sabyn bilen akýan suwuň aşagynda 20 sekunt ýuwulmalydyr. Agzyňyzy wagtal-wagtal duzly suw bilen ýuwuň (1 stakan gaýnadylyp sowadylan suw üçin 1 çaý çemçesi). Burnuňyzy oksolin ýagy bilen ýaglaň. Arassa howa üçin penjireleri açyp, otagy wagtal-wagtal şemalladyň.

Daşarky ýerlerde arassalamak we suwaryş çäreleri amala aşyrylýar. Içerki howanyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin üzärlik dermanlyk ösümliginden netijeli peýdalanmak, çygly arassalamagy wagtal-wagtal geçirmek zerurdyr. Tomusda daşky gurşawyň ýokary temperaturasyny göz öňünde tutup, onuň gapma-garşylykly tapawutlaryna ýol berilmeli däldir, ýagny köçeden gelip, kondisioneriň aşagynda, sowadylan otagda bolmaly däl, sowuk suw ulanmaly däl. Bu ýokarky dem alyş ýollarynyň dowamly keselleriniň güýçlenmegine sebäp bolup biler.

Özüňizi göni Gün şöhlesinden goraň. Açyk reňkli pagta eşik geýmeli, saýawan ulanmaly. Tomusda bedene aşa agram salmazdan 1,5 – 2.5 litr arassa agyz suwuny içmek möhümdir. Tomusda guradylan miweleri ulanmak bilen dermanlyk ösümliklerden çaýlar örän peýdalydyr, bu bedende elementleriň kadaly gatnaşygyny üpjün edýär.

Tomusda dogry iýmitlenmek üçin möhüm şert gök önümleri we miweleri, aňsatlyk bilen siňip bilýän iýmitleri iýmekdir. Işdäaçarlar taýýarlanylanda, maýoneziň ýerine ösümlik ýagyny ulanmaly we gaplanan iýmitlerden saklanmaly.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň