Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa bilen bagly milli startegiýany işläp taýýarlamak boýunça Pudagara iş topary döredildi

22:2826.06.2020
0
8148

Türkmenistanda energiýa durnuklylygyny üpjün etmekde gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek boýunça milli strategiýany işläp taýýarlamak işini ulgamlaýyn esasda alyp barmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek boýunça milli strategiýany işläp taýýarlamak boýunça Pudagara iş topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Daşary işler ministrligine Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek boýunça milli strategiýanyň taslamasyny taýýarlamak işine halkara guramalary we beýleki halkara düzüm birlikleri bellenen tertipde çekmäge ygtyýar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň