Türkmenistanyň Prezidenti ýokary okuw mekdeplerine mynasyp talyplary saýlap almagy tabşyrdy

23:2125.06.2020
0
14631

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň bilim ojaklarynda ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin zerur bolan täze hünärler boýunça hünärmenleri taýýarlamak, orta hünär okuw mekdeplerinde okatmagyň täze usullaryny özleşdirmek, şeýle hem bilim maksatnamasyna täze ugurlary girizmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň bilim ojaklarynda gutardyş synaglary dowam edýär. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze okuw ýyly üçin giriş synaglaryna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu ugurda dünýäniň ösen tejribeleri we häzirki zaman tehnologiýalary işjeň peýdalanylýar. Bular barada wise-premýer P.Agamyradow 25-nji iýunda geçirilen iş maslahatynda hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary üçin işgärler üpjünçiligini berkitmek meselelerine toplumlaýyn esasda çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine dalaşgärler üçin giriş synaglarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda alnyp barylýan taýýarlyk işleriniň häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelmelidigini aýtdy.

Ýörite orta hünär okuw mekdepleriniň işini kämilleşdirmek, olarda taýýarlanýan hünärmenleriň bilim we hünär derejesini döwrüň talabyna laýyk getirmek bilen baglanyşykly meselelere jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belläp, milletiň Lideri birnäçe hünärler boýunça täze ugurlary girizmek meseleleriniň zerurdygyna ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine kabul ediljek ýaşlaryň sanawyny kesgitlemek we bu ugur boýunça degişli tertipnamany taýýarlamak meselelerini möhüm wezipeler hökmünde kesgitledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň