Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2020, 14-nji tapgyr: «Altyn asyr» «Nebitçini» uly hasap bilen ýeňdi

20:3812.06.2020
0
5717

«Aşgabat» stadionynda geçirilen «Altyn asyr» ― «Nebitçi» duşuşygy bilen Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynda 14-nji tapgyryň duşuşyklaryna bagalga berildi. Duşuşyk Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleriniň 7:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Möwsümiň iň netijeli futbolçysy Altymyrat Annadurdyýew bilen Begenç Akmämmedowyň iki gezekden tapawutlanan duşuşygynda beýleki pökgüleri Furkat Tursunow, Merdan Muhadow we Begmyrat Baýow dagylar geçirdi.

Duşuşykda geçiren iki pökgüsi bilen möwsümdäki gollarynyň sanyny 15-e çykaran A.Annadurdyýew iň netijeli futbolçylaryň sanawynda iň ýakyn garşydaşy bolan Elman Tagaýew bilen aralygy 8 pökgä çenli açdy.

Bu netije bilen «Altyn asyr» möwsümde 30 utuk gazanan ilkinji topar boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň