Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde döwlet synaglary dowam edýär

15:0706.06.2020
1
15013

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde döwlet synaglary başlady diýip, «Jeyhun news» neşiri habar berýär.

Habarda hem nygtalyşy ýaly, orta mekdepleriň uçurymlary türkmen dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş hem-de algebra dersleri boýunça döwlet synagyny tabşyrýarlar. Ýene bir synagy bolsa olar özlerine iň ýakyn ugur boýunça saýlap bilýärler.

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde 10-njy synpdan başlap, ýaşlara öz halaýan ugry boýunça bilimini dowam etdirmek mümkinçiligi berilýär. Şol ugurlara görä, uçurymlar döwlet synaglarynda fizika, bioologiýa we Türkmenistanyň taryhy dersleriniň birini döwlet synagy üçin saýlap bilýärler.

Şu ýyl ýurduň orta mekdeplerini ýaşlaryň 80 müňe golaýy tamamlaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň