Soňky habarlar

Arhiw

“La Liga” derbi duşuşygy bilen başlar

20:2122.05.2020
0
1070

Ispaniýanyň iri sport neşirleriniň biri bolan “El Mundo Deportivo” “La Liganyň” 12-nji iýunda derbi duşuşygy bilen başlajakdygy baradaky habary öz okyjylarynyň dykgatyna ýetirdi. Habarda “La Liganyň” ýolbaşçylarynyň çempionatyň 12-nji iýunda başlamagy barada ylalaşyk gazanandyklary hakynda beýan edilýär. Şol gün çempionatyň 28-nji tapgyrynyň Andalusiýa derbisi bilen, ýagny “Sewilýa”–“Betis” duşuşygy bilen başlanjakdygy habarda bellenilýär. Häzirki wagtda toparlaryň türgenleşik işlerini dowam etdirýän “La Ligasynyň” şu möwsümini 19-njy iýulda-da tamamlamak göz öňünde tutulýar. Elbetde, “La Ligada-da” duşuşyklar edil “Bundesligadaky” ýaly boş stadionlarda, janköýersiz ýagdaýda oýnalar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň