Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we Russiýa ikitaraplaýyn gün tertibiniň meselelerini maslahatlaşýar

21:4312.05.2020
0
28440

Şu gün – 12-nji maýda Prezidentler G.Berdimuhamedow bilen W.Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Döwlet Baştutanlary Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňişiň 75 ýyllygy mynasybetli birek-biregi mähirli gutladylar. Bu umumy ýubileýiň aýratyn ähmiýeti, ilkinji nobatda urşa gatnaşanlaryň,  weteranlaryň we tyl zähmetkeşleriniň görlüp-eşidilmedik edermenligini buýsanç bilen gorap saklamakdan, şeýle-de geljekki nesillere geçirmekden ybaratdyr.

Gurbanguly Berdimuhamedow russiýaly kärdeşine Russiýaniň Goranmak ministrliginiň wekiliýetini Ýeňiş gününi bellemek üçin Türkmenistana iberendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň atasy Berdimuhamet Annaýewiň gahrymançylykly söweşen ýeňiş baýdagynyň we Ikinji Ukrain frontunyň 206-njy diwiziýasynyň 748-nji pyýada polkunyň söweş baýdagynyň asyl görnüşiniň türkmen tarapyna berilmegi aýratyn minnetdarlyk bilen bellenildi Koronawirus pandemiýasynyň çägindäki ýagdaýlar hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki döwletiň degişli ministrlikleri bilen bölümleriniň arasynda mundan beýläkki gatnaşyklar barada pikir alşyldy.

“Watan” habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, telefon söhbetdeşliginiň barşynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň başga-da birnäçe meselelere, söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly derwaýys ugurlara üns çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň