Soňky habarlar

Arhiw

Angliýanyň “Premier ligasy” haçan başlaýar?!

13:5028.03.2020
0
1513

Beýleki çempionatlarda bolşy ýaly, koronowirus sebäpli ýatyrylan Angliýanyň “Premier ligasynyň” degişli ýolbaşçylary maslahat geçirdi. Şonda “Premier liganyň”, Angliýa futbol ligasynyň (EFL) hem-de Professional futbolçylar bileleşiginiň (PFA) ýolbaşçylarynyň geçiren ýygnanyşygynda çempionatlaryň soňa goýulmagy sebäpli ýüze çykan maliýe babatdaky ýetjek zyýany azaltmak barada gürrüň edildi. Maslahatyň netijesinde çempionatyň 30-njy aprelden öň başlamajakdygy mälim edildi. Haçanda, umumy ýagdaýlar ygtybarly bolanda, ähli babatda oňaýly mümkinçilikler dörände, çempionatyň başlanyp biljekdigi aýdyldy. Şeýle-de 3 gurama geljek hepdäniň dowamynda ýene bir maslahat geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň