Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatynyň baş metjidine bardy

10:1429.02.2020
0
12888

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mary şäherinde ýerleşýän welaýatyň baş metjidinde — Gurbanguly hajy metjidine bardy ― diýip, TDH habar berýär.

Sebitiň baş metjidi welaýatyň ýaşaýjylarynyň haýyşy boýunça 2009-njy ýylda guruldy. Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bu asylly iş üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň haýyr-sahawat gaznasyndan serişdeleri bölüp berdi. Dindarlaryň haýyşy boýunça metjit Gurbanguly hajy metjidi diýlip atlandyryldy.

Ak mermerli metjit şäheriň esasy ajaýyplyklarynyň biridir. Bina milli binagärligiň iň gowy däpleriniň esasynda guruldy. Ýokarsynda altynsow reňkli ýarymaý şekillendirilen, nagyşlar bilen bezelen esasy gümmeziň diametri 24 metre barabardyr. Dört minaranyň her biriniň beýikligi 63 metrdir. Namaz okalýan zal bir wagtyň özünde 2,5 müň adamyň namaza durmagy üçin niýetlenendir. Metjidiň ýokarky gaty zenanlara niýetlenendir. Gümmezi sütünleriň 8-si saklaýar.

Binanyň içi mermer, granit we agajyň gymmat bahaly görnüşleri bilen bezeldi. Metjidiň bezeginde Gurhanyň sürelerinden alnan haşamly ýazgylar aýratyn orun eýeleýär. Şolar binanyň öň tarapyny hem bezeýär. Dürli reňkli yşyklaryň şugla saçmagy netijesinde metjit agşamlaryna has-da owadan görünýär.

Topluma sadaka üçin niýetlenen ýörite desga, dini dessurlary berjaý etmek üçin niýetlenen bina, myhmanhana we beýleki desgalar girýär. Ajaýyp suw çüwdürimleri metjidiň merkezi basgançaklaryny bezeýär.

2018-nji ýylda geçirilen abadanlaşdyryş işleriniň netijesinde Gurbanguly hajy metjidi täze keşbe eýe bolup, ajaýyplygy bilen şäheriň ýaşaýjylarynyň hem-de köp sanly zyýaratçylaryň buýsanjyna öwrüldi.

Metjitde Türkmenistanyň müftüsi ýurdumyzyň asudalygy, halkymyzyň agzybirligi, milletiň Lideriniň belent başynyň hemişe aman bolmagy, janynyň saglygy we il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaç almagy üçin doga-dileg etdi.

Soňra döwlet Baştutany mukaddes Mekgeden özüne ýadygärlik sowgat diýlip iberilen keramatly Käbäniň ýazgysy bolan örtügiň ajaýyp ylahy gymmatlyk hökmünde Mary welaýatynyň baş metjidinde goýulýandygyny aýtdy.

Bu gün şu ýerde — Gurbanguly hajy metjidinde şeýle hem keramatly teperrik goýuldy. Mälim bolşy ýaly, bu keramatly teperrik ýurdumyzyň ähli metjitlerinde goýlup, oňa halkymyz uly hormat bilen tagzym edýär. Bu teperrik Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa haj parzyny berjaý eden wagtynda çuňňur hormat-sarpanyň nyşany hökmünde sowgat berildi.

Soňra Türkmenistanyň müftüsi we Gurbanguly hajy metjidiniň ymamy hormatly Prezidentimizi metjidiň aýratynlyklary, onuň bezeginde ulanylan çeperçilik usullary bilen tanyşdyrdylar hem-de metjidiň diwarlaryndaky mukaddes ýazgylaryň ähmiýeti barada gürrüň berdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň