Türkmenistanyň Prezidenti atly gezelenç etdi

23:5819.02.2020
0
2378
Türkmenistanyň Prezidenti atly gezelenç etdi

Şu gün döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow günorta arakesme wagtynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda bolup, behişdi bedewler bilen didarlaşdy ― diýip, TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany bu ýere ýygy-ýygydan gelip, ynsan gylykly bedewleriň saklanyş şertleri, olary kemala getirmegiň hem-de sport ýaryşlaryna taýýarlanmagyň barşy bilen gyzyklanýar. Bu gezek döwlet Baştutany Ýyldyrym atly bedew bilen birsellem gezim etdi.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow at üstünde gezelenjini tamamlap, Ýyldyrym atly bedewini athana getirdi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyndan ugrady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň