Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda halkalaýyn energiýa ulgamy dörediler

23:0331.01.2020
0
7665

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow 31-nji ýanwarda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamy döretmegiň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleri, şeýle hem degişli enjamlary satyn almak babatda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer energetika kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanmak, sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, daşary ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň mukdaryny artdyrmak hem-de ugurlaryny giňeltmek maksady bilen, Ahal — Balkan we Balkan — Daşoguz welaýatlarynyň arasynda halkalaýyn energoulgamy döretmek bilen bagly taslama boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ahal welaýatynyň çäginden Balkanabat şäherine çenli uzynlygy 450 kilometr, güýjenmesi 220 kW bolan iki zynjyrly howa elektrik geçiriji ulgam, şeýle hem Daşoguz welaýatynyň çäginden Balkan welaýatyna çenli uzynlygy 560 kilometr, güýjenmesi 500 kW bolan howa elektrik geçiriji ulgamy barada maglumat berýän şekiller we çyzgylar görkezildi. Taslama laýyklykda, bu howa elektrik geçirijiniň ugrunda güýjenmesi 500 kW barabar bolan iki sany we güýjenmesi 220 kW barabar bolan iki sany, jemi 4 sany elektrik bekedini gurmak göz öňünde tutulýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ägirt uly energetika we ykdysady kuwwatynyň, giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň daşary ýurt kompaniýalarynyň hem-de şereketleriniň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanmalaryny artdyrýandygyny belledi.

Şonuň netijesinde, döwletimizde ýaýbaňlandyrylan, kuwwatly senagat düzüminiň döredilmegine gönükdirilen özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine goşant goşmaga uly gyzyklanma bildirýän işewür toparlaryň wekilleri bilen ýola goýulýan netijeli gatnaşyklar berkidilýär.

Ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamy döretmek taslamasyny durmuşa geçirmekde Hytaý Halk Respublikasynyň, Hindistanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň bilelikdäki konsorsiumynyň işläp taýýarlan hem-de bu ugurda netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça anyk teklipleri özünde jemleýän maksatnama ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti energetika pudagynda iri sebit we halkara ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirýän ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak meselelerine ýokary derejeli çemeleşýändigini belledi. Serişde tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak ýurdumyzyň durmuş-ykdysady maksatnamalarynyň esasy ugry bolup durýar.

Türkmenistanda energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny pugtalandyrmak energetika ulgamynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biridir diýip milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Ahal — Balkan we Balkan — Daşoguz elektrik geçiriji ulgamyny çekmegiň taslamasynyň çäklerinde täze halkalaýyn energiýa ulgamy kemala geler. Döwlet Baştutany elektrik geçiriji ulgamyň ýüzlerçe kilometriniň çekiljekdigini belledi.

Şeýlelikde, özüniň möçberi boýunça ägirt uly taslamanyň amala aşyrylmagy ýurdumyzda energiýa üpjünçilik ulgamynyň doly döwrebaplaşdyrylmagyny şertlendirer. Döwlet Baştutany munuň sazlaşykly ösýän welaýatlary elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmegiň kepiline öwrüljekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmak we bu ugurda ähli meýilleşdirilen çäreleri ýerine ýetirmek üçin toplumlaýyn işleriň yzygiderli alnyp barylmagynyň wajypdygyna ünsi çekip, Ahal — Balkan we Balkan — Daşoguz ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň we beketleriniň gurluşygy üçin enjamlary, materiallary we awtotehnikalary satyn almak hem-de telemehanika ulgamyny gurnamak barada şertnamalary baglaşmak hakynda Karara gol çekdi hem-de ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi hem-de degişli tabşyryklary berdi.

Resminama laýyklykda, Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasyna:

Ahal — Balkan we Balkan — Daşoguz ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň we beketleriniň gurluşygy üçin zerur bolan enjamlary, materiallary we awtotehnikalary satyn almak barada daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnamalary;

Ahal — Balkan we Balkan — Daşoguz ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň ulgamy üçin telemehanika, kommunikasiýa we «SCADA» ulgamynyň taslamasyny düzmek, getirmek, gurnamak hem-de ulanyşa girizmek barada Türkiýe Respublikasynyň «Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň