Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistandaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawod täze halkara güwänamalaryna mynasyp boldy

23:5923.12.2019
0
18444

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Daniýanyň belli «Haldor Topsoe» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Býorn Stefan Klauzeni kabul etdi ― diýip, TDH habar berýär.

Myhman Ahal welaýatynda işe girizilen döwrebap senagat toplumynyň — dünýäde ilkinji zawodyň täsin aýratynlyklaryny belläp, bu desganyň Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny ösdürmekde aýgytly we ajaýyp çözgüt bolandygyny aýtdy. Onda tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa sintetik awtomobil ýangyjy senagat möçberinde öndürilýär.

Şunuň bilen baglylykda, jenap Býorn Stefan Klauzen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa şol zawodda önümçiligiň innowasion häsiýetini tassyklaýan halkara güwänamalary gowşurdy.

Şeýlelikde, Daniýa Patyşalygynyň Energetika senagaty federasiýasy kärhanada ornaşdyrylan ekologiýa ölçegleriniň ýokary derejesini belledi, ol daşky gurşawa kömürturşy gazynyň täsiriniň has azdygyny, çykarylýan önümiň kükürtsiz bolmagyny, zyýanly metallaryň bolmazlygyny we aromatiki hem-de olefin uglewodorodlarynyň mukdarynyň bildirilýän berk talaplara gabat gelýändigi üçin ekologiýa taýdan arassa bolup durýandygyny aňladýar, Beýik Britaniýanyň Himiýa inženerleriniň akademiýasy (IChemE) bolsa, TIGAS (tebigy gazdan sintetiki benziniň alynmagy) tehnologiýasynyň kämilleşdirilendigi üçin ýokary baha berdi.

TIGAS tehnologiýasy Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawod üçin «Haldor Topsoe» kompaniýasy tarapyndan işlenilip taýýarlanyldy. Ol ýokary netijeli katalizatorlar bilen utgaşdyrylyp, energiýa harajatlarynyň hem-de daşky gurşawa täsiriniň azlygy bilen birlikde, ýokary hilli benzini öndürmäge mümkinçilik berýär.

Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawod öz ölçegleri boýunça ýeke-täk bolup durýar. Bu kärhanada tebigy gaz senagat möçberinde suwuk ýangyja öwrülýär. Bu uly çözgüt, GTG taslamasy — gas to gasoline — senagat derejesinde dünýäde ilkinji gezek Türkmenistanda amala aşyrylýar.

Kärhanada her ýyl «mawy ýangyjyň» 1 milliard 785 million kub metri gaýtadan işlenilip, şondan EURO-5 ölçegine kybap gelýän ECO-93 görnüşli benziniň 600 müň tonnasy, dizel ýangyjynyň 12 müň tonnasy hem-de suwuklandyrylan gazyň 115 müň tonnasy öndürilýär.

Galyndylary gaýtadan işlemek boýunça täsin tehnologiýalaryň ulanylmagy bu senagat desgasyny dünýäde ekologiýa taýdan arassa önümçilik hökmünde tapawutlandyrýar, bu bolsa beýleki ýurtlar üçin nusga bolup hyzmat edýär. Hususan-da, toplum «Ekologiýa taýdan arassa» diýen güwänama hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Daşky gurşawy goramak gaznasynyň degişli nyşany bilen sylaglanyldy.

Deňi-taýy bolmadyk bu taslamanyň amala aşyrylmagy, bir tarapdan, milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde möhüm waka öwrüldi, beýleki tarapdan bolsa, tutuş Ýewraziýa sebitiniň düzümine uly maýa goýumy bolup hyzmat etdi. Bu Şweýsariýanyň Federal tehnologiki institutynyň Energetika departamentiniň «Innowasion tehnologiýalar» güwänamasynyň zawoda berilmegi bilen tassyklanyldy

Duşuşygyň barşynda ýurdumyzda amala aşyrylýan «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň» çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alşyldy.

«Haldor Topsoe» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen belläp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň geljekde hem özara gatnaşyklara gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak boýunça teklipler beýan edildi. Hususan-da, Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynda ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ulanmagy öwrenmek hem-de bilelikdäki ylmy işleri geçirmek we hünärmenleri alyşmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň