Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasynyň wekilleri ýakynda Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde geçirilen Bütindünýä hokkeý maslahatyna gatnaşdylar.
Milli federasiýalaryň köp sanlysynyň ýolbaşçylaryny we belli tälimçileri özünde jemlän maslahatda sportuň bu olimpiýa görnüşini geljekde hem ösdürmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem bu maslahatyň hokkeýiň düzgünleri bilen bagly käbir üýtgeşmelere seredildi. Elbetde, sportuň bu görnüşini çagalaryň arasynda wagyz etmek wezipesi hem maslahatda örboýuna galdy.
Çagalaryň türgenleşiginiň Türkmenistanda hem yzygiderli güýçlendirilýändigini aýtmak gerek. Halkara Hokkeý federasiýasynyň (IIHF) wekilleri muňa ýurdumyzda saparda bolanlarynda hem aýdyň göz ýetirdiler. Hokeý sportunyň, umuman, ýurdumyzda meşhurlygynyň artýandygyny bolsa golaýda Türkmenistanyň Prezidentiniň kubogy ugrundaky ýaryşa 10-a golaý toparyň gatnaşmagyndan hem görýäris. Ýurdumyzyň hokkeý ýygyndysy bolsa dünýä çempionatynyň üçünji dwizionynda üstünlikli çykyş edip, ýokarky dwizionlara çykmagy öňünde maksat edinip goýdy.
Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasynyň ýolbaşçylary bu abraýly maslahata bassyr üç ýyl bäri gatnaşyp gelýärler. Indiki maslahat 2020-nji ýylyň fewral aýynda Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda meýilleşdirilýär.