Soňky habarlar

Arhiw

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Astrahanda konsert geçirildi

18:0711.12.2019
0
5337

Astrahan döwlet tehniki uniwersitetinde (ADTU) Türkmenistanyň Astrahandaky (Russiýa Federasiýasy) Konsullygynyň goldamagynda Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan konsert guraldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär.

Baýramçylyk çäresine kowçum ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, ADTU-nyň professor-mugallymlar düzümi, şeýle hem Astrahan oblastynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlar gatnaşdylar.

Daşary ýurtly talyplar türkmen deň-duşlary bilen bilelikde konsert taýýarladylar, dürli melletleriň döredijiligi tomaşaçylaryň söýgüsini gazandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň