Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol çempionatynda «Aşgabat» myhmançylykda «Merwi» ýeňdi

23:1822.11.2019
0
5623

Türkmenistanyň futbol çempionaty ― 2019-yň 25-nji tapgyry «Aşgabadyň» myhmançylykdaky ýeňşi bilen başlandy. Paýtagty adybir topary Mary şäheriniň «Merwini» 3:2 hasabynda ýeňdi.

Duşuşygyň birinji ýarymynda myhmanlar 2:0 hasabynda öňe saýlandylar. 25-nji minutda Gahrymanberdi Çoňlaýew, 35-nji minutda Wekil Kadyrow tapawutlandy. Üç pökgi geçirilen ikinji ýarymda «Merw» Döwlet Baýramowyň 66-njy minutda geçiren pökgüsi bilen hasaby ýygran hem bolsa, Myratgeldi Gurbangeldiýew «paýtagtlylary» 87-nji minutda ýeňşe has golaýlaşdyrdy. Duşuşykdaky soňky pökgini goşmaça wagtyň 4-nji minudynda «Merwiň» oýunçysy Ýewgeniý Tkaçenko geçirdi. Ýöne bu gol ýer eýeleriniň utuk gazanmagy üçin ýeterlik bolmady.

Şeýlelikde, «Aşgabat» «Merwi» Ýokary liganyň şu möwsümindäki duşuşyklaryň dördüsinde hem ýeňdi. Paýtagtyň adybir topary ýaryş tertibiniň soňky basgançagyndaky garşydaşyny aprelde 1:0, maýda 2:1, senýabrda-da 2:1 hasabynda ýeňdi. Görnüşi ýaly, bu duşuşyklaryň ählisinde hem «Aşgabat» garşydaşyndan diňe bir pökgi tapawudy bilen rüstem geldi.

25 tapgyrda 26 utuk toplan «Aşgabat» häzir ýaryş tertibiniň altynjy basgançagynda. 11 utukly «Merw» bolsa iň soňky orunda galdy. Öňde galan üç duşuşygynyň ýekejesinde utuk ýitiren ýagdaýynda «Merw» möwsümi soňky orunda tamamlamakdan halas bolup bilmez.

Tapgyryň merkezi duşuşygy 23-nji noýabrda Türkmenbaşy şäherinde bolar. Şol gün ýerli «Şagadam» ýaryş tertibiniň öňdebaryjysy «Altyn asyry» kabul eder. Häzir bu iki toparyň arasynda 6 utuklyk tapawut bar. Türkmenbaşy şäherindäki ýeňiş ýa-da deňlik «Altyn asyry» bassyr altynjy çempionlygyna has ýakynlaşdyryp biler.

23-nji noýabrda boljak beýleki iki duşuşykda «Energetik» «Ahaly», «Köpetdag» bolsa «Merwi» kabul eder.

Türkmenistanyň futbol çempionaty ― 2019. Ýokary liga. 25-nji tapgyr.

22-nji noýabr. «Sport toplumy». Mary ş. 500 tomaşaçy.

«Merw» ― «Aşgabat» ― 2:3

Gollar: Döwlet Baýramow 66, Ýewgeniý Tkaçenko 90+4 ― Gahrymanberdi Çoňkaýew 25, Wekil Kadyrow 35, Myratgeldi Gurbangeldiýew 87. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň