Soňky habarlar

Arhiw

Ruslan Mingazow Gazagystanyň çempionaty ― 2019-y gol bilen tamamlady

14:2511.11.2019
0
7483

«Astananyň» ftubolçylary Gazagystanyň çempionatynyň 33-nji tapgyrynda Pawladoryň «Irtyşyndan» asgyn geldiler ― diýip, Vesti.kz habar berýär.

Nur-Sultan şäherindäki «Astana Arena» stadionynda geçirilen duşuşyk myhmanlaryň 2:0 hasabyndaky üstünligi bilen tamamlandy. Gazanylan ýeňşe türkmenistanly ýarym goragçy Ruslan Mingazow bir gol, bir asist bilen goşant goşdy. Topardaşy Žeremi Manzorronyň geçiren ilkinji golunyň asistini eden türkmenistanly ýarym goragçy ikinji pökgini özi geçirdi.

Bu duşuşykdan soňra «Irtyş» ýaryş tertibinde bir basgançak ýokary galyp, çempionaty sekizinji basgançakda tamamlady. Duşuşykdan soňra ýer eýelerine çempionlyk Kubogy gowşuryldy. Şeýlelikde, «Astana» bassyr altynjy gezek Gazagystanyň çempiony boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň