«Zenidiň» futbolçysy Serdar Azmun Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň Sankt-Peterburgdaky tanyşdyryş dabarasyna gatnaşdy

14:3202.11.2019
1
31141

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Sankt-Peterburg şäherindäki «Russiýa ― meniň öýüm» taryhy seýilgähinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmen alabaýy» atly täze neşiriniň tanyşdyryş dabarasy boldy.

«Zenidiň» asly türkmen eýranly hüjümçisi Serdar Azmunyň hem gatnaşmagy bu dabaranyň myhmanlary üçin ýakymly sowgat boldy. Dabaranyň çäginde meşhur futbol ýyldyzy Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitaby we Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň hem-de Sankt-Peterburgdaky «Mekan» türkmen medeniýeti jemgyýetiniň hormatly agzalygyna kabul edilýän resminamasy bilen sylaglanyldy. Futbolçy ajaýyp sowgady üçin türkmen Liderine hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň adyny we medeniýetini mundan beýläk hem Ýer ýüzüne ýaýmaga gatnaşjakdygyna ynandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň