Soňky habarlar

Arhiw

Koreýanyň futbol ýygyndysy Aşgabada geldi

10:2309.09.2019
0
11922

Koreýa Respublikasynyň futbol boýunça milli ýygyndysy «Turkish Airlines» awikompaniýasynyň şu gün irdenki gatnawlarynyň biri bilen Aşgabada geldi. Koreý futbolçylary Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyrynyň çäginde ertir Türkmenistanyň milli ýygyndysy bilen duşuşar.

Halkara howa menzilindäki gümrük we serhet barlaglaryndan soňra Koreýa Respublikasynyň wekiliýeti Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň wekilleri tarapyndan gyzgyn garşylandy. Myhmanlar bu ýerden özleri üçin niýetlenen myhmanhana ugradylar. Şu gün toparyň baş tälimçisi metbugat maslahatyny geçirer.

Türkmenistan ― Koreýa Respublikasy duşuşygynyň «Köpetdag» stadionynda geçiriljekdigini ýatladýarys. Duşuşyk agşam sagat 19:00-da başalanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň