Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň kubogy - 2019: "Altyn asyr" Interzolagyň ýarym finalynda "Hanoý" bilen duşuşar

22:0907.08.2019
0
7130

Türkmemnistanyň geçen ýylky çempiony “Altyn Asyr” topary AFK-nyň Kubogynyň ýarymfinalynda Wýetnamyň “Hanoý” topary bilen duşuşar. Toparlaryň arasyndaky birinji duşuşyk 20-nji awgustda Wýetnamda, jogap oýny bolsa 27-nji awgustda Aşgabatda geçiriler.

Ýeri gelende bellesek, paýtagtymyzyň toparynyň garşydaşy Wýetnamyň toparlary “Hanoý” bilen “Becamex Binh Duong” toparlarynyň arasyndaky duşuşykda kesgitlenipdi. Iki duşuşygyň netijesinde garşydaşyndan üstün çykan “Hanoý” Günorta-Gündogar Aziýa sebitiniň ýeňijisi bolmagy başardy. Bir hepde mundan öň myhmançylykda 1:0 hasabynda garşydaşyndan üstün çykan “Hanoý”, öz meýdançasynda geçen jogap oýnuny hem şol bir hasap bilen öz peýdasyna tamamlady. Topara ýeňiş getiren topy oýnuň 61-nji minutynda Pap Omar Faýe öz adyna ýazdyrdy.

“Hanoý” toparynyň Wýetnamyň dört gezek çempiony bolandygyny bellemek gerek. Onuň düzüminde çykyş edýän nigeriýaly Oseni Ganýu (9 top) bilen senegally Pap Omar Faýe (8 top) AFK-nyň Kubogynyň iň netijeli oýunçylarynyň arasynda öňdäki orunlary eýeleýärler.

AFK-nyň Kubogynyň interzolagynyň birinji duşuşygy 20-nji awgustda “Hangdaý” stadionynda geçiriler. Bu duşuşyk ýerli wagt bilen 19:00-da başlanar. Jogap oýny bolsa 27-nji awgustda paýtagtymyzyň “Köpetdag” stadionynda 17:00-da başlanar.

Interzolagyň ýarymfinalynyň ýeňijisi “Abahani Limited” (Bangladeş) – “Aprel 25” (Demirgazyk Koreýa) toparlarynyň arasyndaky duşuşygyň ýeňijisi bilen güýç synanyşar. Interzolagyň final duşuşyklary 25-nji sentýabrda hem-de 2-nji oktýabrda geçiriler.

Günbatar zolagynyň finalynda Iordaniýanyň “Al-Jazira” hem-de Liwanyň “Al-Ahed” toparlarynyň duşuşýandyklaryny ýatladýarys. Olaryň arasyndaky duşuşyk 24-nji sentýabrda hem-de 1-nji oktýabrda geçiriler.

AFK-nyň Kubogynyň final duşuşygy 2-nji noýabrda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň