Soňky habarlar

Arhiw

Ruslan Mingazow: "Futbolçylyk ýyllarymda täze sahypa açýaryn"

23:5223.07.2019
0
11154

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Ruslan Mingazow täze topara geçmegi bilen bagly pikirlerini paýlaşdy. Onuň pikirleri şu gün "Irtyş" toparynyň metbugat gullugy tarapyndan janköýerlere ýetirildi. 

«Men çehiýadaky bäş ýyllyk başdangeçirmelerden soňra, täze çagyryş almagyma örän şat. Şeýlelikde, futbolçylyk ýyllarymyň täze sahypasy açylýar. Men ýene-de Ýewropada galdym, Pawladoryň "Irtyşy" bilen täze ýeňişler, üstünlikler üçin göreşerin. Bu ýerde ähli zat göz öňüne getirişim ýaly bolar diýip umyt edýärin. Toparyň ähli janköýerlerini bizi goldamaga çagyrýarys. Şeýle hem men hyzmatdaşlyk üçin "Eurasian Sport Managemente» we «Nisa Sport Managemente» hoşallygymy bildirýärin".

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň