Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

ABŞ-nyň şäherinde asmandan geň gümmez gaçdy

11:4024.06.2025
0
22703
ABŞ-nyň şäherinde asmandan geň gümmez gaçdy
Surat: Gazeta.ru

ABŞ-nyň Indianapolis şäherinde güýçli harasatdan soňra asmandan äpet gümmez görnüşli zat köçä gaçdy. Ol ýerli ýaşaýjylaryň ünsüni çekdi, ir bilen onuň daşy mähelleden doldy diýip, UPI neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.

«Biziň köçämiz jahankeşdelik gymmatlygyna öwrüldi» diýip, ýerli ýaşaýjy Sendi Jons gürrüň berýär.

Deslapky çaklamalara görä, gümmez hemra antennalaryny ýa-da beýleki enjamlary ýaramaz howada goramak üçin ulanylýan gorag gurnamasy bolmaly.

Görlüp oturylsa, öňki «Raytheon» kärhanasynyň çäginde «V2X Technology» kompaniýasy ýerleşýän ekeni, onuň işgärleri gümmeziň, hakykatdanam, özleriniňkidigini tassykladylar. Olar gümmeziň kompaniýanyň antennalarynyň biriniň goragy bolandygyny aýtdylar.

Emma ne firmanyň wekilleri, ne-de şäher häkimiýetleri harasadyň nädip şeýle uly gümmezi öz ornundan goňşy köçä taşlandyklaryna akyl ýetirip bilenoklar.

Häzir gümmez öňki ýerinde ýatyr, ony görmäge gelýän şäherlileriň hem-de jahankeşdeleriň yzy üzülenok.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň