Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň kubogy - 2019: "Altyn asyryň" we "Istiklolyň" futbolçylarynyň geýjek köýnekçeleriniň reňki belli boldy

14:3625.06.2019
0
3646

Şu gün Duşenbeniň “Hilton” myhmanhanasynyň konferensler zalynda AFK-nyň resmi wekilleriniň hem-de “Istiklol” bilen paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” toparynyň resmi wekilleriniň gatnaşmagynda ýörite ýygnanyşyk geçirildi. Ýygnanyşygyň dowamynda täjikleriň “Istiklol” bilen ýurdumyzyň çempiony “Altyn Asyr” bilen boljak duşuşygynyň maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda ertirki oýunda toparlaryň meýdana çykjak köýnekçeleriniň reňkleri hem belli edildi. Gelnen netijä laýyklykda Täjigistanyň çempiony gyzyl-gara, “Altyn Asyr” bolsa gök jöýnekçede çykyş eder - diýip, TFF-niň resmi saýty habar berýär.

Ýeri gelende bellesek, AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda täjikleriň “Istikloly” paýtagtymyzyň “Altyn Asyry” bilen duşuşar. Duşenbeniň merkezi stasionynda geçiriljek duşuşyk ýerli wagt bilen 19:00-da başlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň