Soňky habarlar

Arhiw

“Täç hil” kompaniýasy ýuwujy, arassalaýjy we kosmetiki serişdeleri öndürijileriň arasynda öňdebaryjylaryň biri bolmaklygy göz öňünde tutýar

23:4922.06.2019
0
13115

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän “Täç hil” hususy kärhanasy ýylda 20 million çygly süpürgiçleri öndürýär. Şu haryt nyşanly şahsy arassaçylyk üçin niýetlenen önümleriň 26 görnüşi alyjylara hödürlenýär, diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" habar berýär.

Awtomatlaşdyrylan liniýada öndürilýän we gaplanýan bu süpürgiçleriň hili HALAL RC HL    17-009, ISO 22716, OHSAS 18001, ISO 9001ýaly halkara standartlaryna doly laýyk gelýärler. Ýewropa standartlaryna laýyk gapajyklaryň öndürilmegi kärhananyň iş netijeliligini beýgeltdi we önümiň özüne düşýän gymmatyny peseltdi.

“Täç hil” kompaniýasy ýuwujy, arassalaýjy we kosmetiki serişdeleri öndürijileriň arasynda öňdebaryjylaryň biri bolmaklygy göz öňünde tutýar. Önümleriň täze tapgyrynyň ýola goýulmagy üçin sehde bir sagatda iki müň gaplary öndürmäge niýetlenen daşary ýurt tehnologiýasy gurnaldy.

Bu awtomatlaşdyrylan ugurda her aý öý hojalygyna niýetlenen himiýa serişdeleriniň gaplarynyň 250 müňe ýakyny öndüriler. Ikinji tapgyryň ýola goýulmagy bilen, “Täç hiliň” harytlarynyň görnüşi has hem artar: kir ýuwujy serişdeleriniň, egin-eşik ýumşadyjylarynyň, çagalar we ulular üçin şampunyň, aýna arassalaýjy serişdeleriniň öndürilişi ýola goýlar. Kompaniýanyň maksady içerki bazary elýeterli, ýokary hilli dünýä belli öndürijiler bilen üstünlikli bäsleşip biljek harytlar bilen üpjün etmek, geljekde bolsa daşary ýurt bazarlaryna çykmakdan ybaratdyr.

Kärhanada ulanylýan ähli çig mal serişdeleri halkara standartlaryna laýyk gelýär we düzüminde saglyga zyýan berýän hiç hili garyndylary saklanok.

Çeşme: BT

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň