Soňky habarlar

Arhiw

Aleksandr Krestinin: "Üç pökgi hem goragçylaryň şahsy ýalňyşlygy bilen girdi"

14:3120.06.2019
0
4161

AFK-nyň kubogy - 2019-daky bäşinji duşuşygyndan soňra geçirilen metbugat maslahatynda Gyrgyz Respublikasynyň "Dordoý" toparynyň baş tälimçisi Aleksanrd Krestinin žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi. Ozal hem habar berşimiz ýaly, Aşgabatda geçirilen bu duşuşykda onuň ýolbaşçylygyndaky topar "Altyn asyrdan" 1:3 hasabynda ýeňildi.

– Aleksandr sergeýewiç eýýäm ilkinji minutlardan "Dordoý" öz derwezesiniň öňünde garaşylmadyk howply hüjümlere sezewar boldy. Bu ýagdaýy näme bilen düşündirip bolar?

– Ilkinji minutlarda, hakykatdan-da, şeýle ýagdaýlar boldy, ylalaşýaryn. Biz muňa garaşmandyk. Ýöne 30-njy minutdan soňra özümizi dürsedik we garşydaş derwezäniň golaýynda howply pursatlary döredip başladyk. Ýöne şeýle jogapkärli oýunlarda garaşylmadyk ýagdaýlar hem ýüze çykýar. Üç pökgi hem derwezämize goragçylaryň ýalňyşlygy bilen girdi. Olar tutuş toparyň ýalňyşlygy däl, şahsy ýalňyşlyklar.

– Siziň toparyňyzyň iň ejiz ýeri nämede boldy?

– Merkezi goragçylar gowşak çykyş etdiler. Biz AFK-nyň kubogy - 2019-da derwezämizde 3 sany 11 metrlik jerime urgusyny gördük, 3 pökgini bolsa öz futbolçylarymyz girizdi. Şonuň üçin hem bizdäki iň gowşak bölüm merkezi gorag diýip pikir edýärin. Üç pökgi hem goragçylaryň şahsy ýalňyşlygy bilen girdi.

– "Altyn asyra" Duşenbede "Istiklol" bilen geçiriljek kyn duşuşyk garaşýar. Şol duşuşyk baradaky pikirleriňizi bilip bilerismi?

– Men çaklama berip bilmeýärin. Geliň, meniň toparym hakynda gürleşeliň. Häzir "Altyn asyryň" tälimçisi geler, bu sowalyňyzy oňa beriň. Men "Altyn asyr" barada hiç zat aýtmak islämok.

– Size duşuşygyň netijesi has ýokuş degdimi?

– Elbetde. Kim utulmak islär? Üstesine-de, biz hüjümde gowy oýnadyk, ýöne gorag barada muny aýdyp bolmaz. Gorag bölümimiziň gowşaklygy oýnuň ykbalyny kesgitledi.

Siziň üçin iň gynanyçly tarapy, "Dordoý" "Altyn asyry" eýýäm dördünji duşuşykda ýeňip bilmedi. 

– O nähili dört duşuşyk? Men diňe iki oýun oýnadym. Maňa çenlisi maňa gyzykly däl. Täze oýun – bu täze adamlar, täze döwür.

– Bu duşuşykdan nähili netije çykarmagy meýilleşdirýärsiňiz? 

– Biirnjiden, biz duşuşyga gaýtadan tomaşa etmeli. Soň netije çykarmaly. Häzir men çykaryljak netije barada hiç zat aýdyp bilmerin.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň