Soňky habarlar

Arhiw

Röwşen Meredow: «Hüjüm futbolymyzy dowam ederis»

23:4626.02.2019
0
4148

26-njy fewralda “Ýyldyz” myhmanhanasynyň konferensler zalynda AFK-nyň kubogynyň birinji saýlama tapgyrynyň jogap oýnunda güýç synanyşýan toparlaryň – “Ahal” bilen “Alaýyň” Baş tälimçileriniň gatnaşmagynda metbugat ýygnanyşygy geçirildi.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň soraglaryna ilki “Ahalyň” baş tälimçisi Röwşen Meredow jogap berdi:

–  Birinji duşuşygyň seljermelerini hem-de geljek oýundaky etsem-goýsamlaryňyzy aýdaýsaňyz.

–  Birinji oýun hakynda aýtsam, howa şertleri bilen meýdanyň ýagdaýynyň esasy orna çykandygyny bellemek gerek. Şoňa görä-de, gowy oýun görkezmek kyn boldy. Ýeňşe bolan hyjuwy görkezen toparyň üstünlik gazanandygyny hem belläp geçeýin. Ertirki oýun hakynda aýtsam, meýdan kombinasiondyr tehniki oýny görkezmäge mümkinçilik berýär.

–  Ertirki oýna diňe ýeňiş gazanmak üçin meýdana çykarsyňyzmy? Umuman, meýdançada görkezmekçi bolýan oýnuňyz hakynda gürrüň berseňiz.

–  Öz janköýerlerimiziň öňündäki çykyşymyzy diňe ýeňiş bilen tamamlamakçy bolýarys. Tehniki, taktika babatynda hem ýokary derejeli oýny görkezmekçi bolýarys. Düýbünden başga oýny öňe süreris. “Alaý” islendik meýdançada ýokary derejede çykyş edip bilýändigini görkezýän topar. Geçen möwsümde olaryň garşysyna geçiren duşuşyklarymyzda hem netijeli geçiripdiler. Geçen möwsüm bilen tapawutlylykda “Alaýyň” oýny azda-kände ütgäpdir. Bu möwsümde olar esasy ünslerini standartlarda jemleýärler. Ertirki duşuşyk ýeňil bolar diýip aýdyp bolmaz. Utulan-çykdy oýunlarynda geldi-geçer garalan ýagdaýynda ýaryşdan çykmagyň hem daş-dä däl.

–  Toparyňyz geçen möwsüm bilen deňeşdirilende köp oýunçysyny çalyşdy. Şu ýagdaý ertirki oýna öz täsirini ýetirip bilermi?

–  Täze gelen oýunçylary düýbünden tanamaýaryn diýsem hakykatdan daş düşerin. Olaryň köpüsi bilen öňden hem tanyşlygym bar. Olar häzirki wagtda toparymyzyň oýnuna uýgunlaşdylar. Biziň toparymyzda islendik oýunçyny çalşar ýaly, deň-derejedäki oýunçyny taýýarlamagy esasy wezipämiz edinýäris.

–  Geçen möwsüm “Alaý” bilen bolan duşuşykdan soň 2019-njy ýylda düýbünden başga “Ahaly” görersiňiz diýipdiňiz...

–  Halkara ýaryşlary islendik topary hem taplaýar. Men muny öz tejribämde görüp gelýärin. “Ahal” geçiren, geçirýän duşuşyklary bilen tejribe babatynda hem öňegidişlikleri gazanýar. Şol sebäpli-de, öňe süren hüjüm futbolumyzy häzirki wagtda hem dowam ederis.

–   Milli ýygyndymyzyň esasy goragçysy, geçen möwsümi ýurdumyzyň çempiony “Altyn Asyrda” geçiren Serdar Annaorazowyň toparyňyza geçendigi baradaky habarlar peýda boldy. Serdary ertirki oýunda görüp bilerismi?

–  Serdar hakykatdan hem toparymyzyň düzümine goşuldy. Ýöne onuň toparçalaýyn bäsleşiklere çykyp bilen ýagdaýymyzda toparymyza kömek etmäge mümkinçiligi bolar.

“Ahal” toparynyň ýarym goragçysy Merdan Gurbanow:

–  Oýunçylarymyzyň hemmesi oýna taýýar. Ýeňiş gazanmak üçin elimizden gelenini gaýgyrmarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň