Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguz şäherinde köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ikisi açylyp, ulanmaga berildi

23:5220.02.2019
0
4733

20-nji fewralda ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň dolandyryş merkezinde köp öýli ýaşaýyş jaýlarynyň ikisi dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Şolarda maşgalalaryň kyrkysy jaý toýlaryny tutdular.
Dört gatly täze jaýlar Şagadam köçesiniň ugrunda bina edildi hem-de bu ýerde kemala gelýän ýaşaýyş toplumynyň düzüm bölegine öwrüldi. Jaýlaryň biri «Daşoguznebitgazgurluşyk» edarasynyň 4-nji gurluşyk müdirliginiň hünärmenleri, beýlekisi «Diýaryň kärhanasy» hususy kärhanasynyň işçileri tarapyndan bina edildi.
Täze jaýlarda amatly ýaşamak üçin ähli şertler döredildi. Döwletimiziň häzirki zaman ýaşaýyş jaýlaryna bildirýän talaplaryna laýyklykda, şolaryň öýleri giň we beýik otaglara eýedir. Dört otagly öýleriň umumy meýdany iki ýüz inedördül metrden gowrak bolsa, üç otagly öýleriň meýdany 140 inedördül metre barabardyr. Ýaşaýjylaryň amatlyklary üçin şolarda egin-eşik asylýan hem-de guradylýan otaglar gurlup, sarp edilýän elektrik energiýany, suwy we gazy hasaplaýjylar oturdyldy. Täze jaýlaryň ýanaşyk ýerleri hem abadanlaşdyrylyp, doly yşyklandyryldy.
«Diýaryň kärhanasy» hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan soňky iki ýylyň içinde şäherde eýýäm köp öýli jaýlaryň bäşisi gurlup, ulanmaga berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň