Aziýa kubogy ― 2019-yň çäginde geçiriljek Türkmenistan ― Ýaponiýa duşuşygyndan bir gün öň bolup geçen metbugat maslahatyna Türkmenistanyň milli ýygyndysyndan baş tälimçi Ýazguly Hojageldiýew bilen ýarym goragçy Ruslan Mingazow gatnaşdy.
Milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi metbugat maslahatynda şeýle diýdi: «Ýaponiýanyň niçik güýçli ýygyndydygyny oňat bilýäris. Olar Russiýada geçirilen Dünýä çempionatynda hem üstünlikli futbol oýnadylar. Ýaponiýa şeýle bir ýygyndy welin, haýsy futbolçynyň esasy düzümde meýdana çykyp, haýsynyň ätiýaçda galjagyny çaklamak hem kyn.
Ýöne biziň hem islegimiz we höwesimiz juda güýçli. Futbolçylaryma ynanýaryn. Olaryň Ýaponiýa bilen mynasyp oýun geçirmäge ukyby bar».
Milli ýygyndymyzyň ýarym goragçysy Ruslan Mingazow bolsa çykyşyny 2004-nji ýylda kakasynyň hem (Kamil Mingazow) yklym ýaryşyna gatnaşandygyny ýatlamakdan başlady. Futbolçy bu gün özüne-de şeýle mümkinçiligiň döränligi üçin örän bagtly. «Kakamyň 2004-nji ýyldaky ýaryşa gatnaşyşy gowy ýadymda. Bu gün şeýle mmükinçilik mende-de döredi. Tutş ýygyndymyz Aziýa kubogyna sabyrsyzlyk bilen garaşdy. Ýaponiýa bilen duşuşykda özümizi görkezmäge çalşarys» ― diýip, tejribeli ýarym goragçy topardaşlaryna uly ynam bildirdi.