Soňky habarlar

Arhiw

Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi

13:4126.10.2018
0
4117

25-nji oktýabrda paýtagtymyzda Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň nobatdaky mejlisi işini tamamlady. Mejlis Daşary işler ministrligi, Senagat ministrligi we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça Döwlet kärhanasy tarapyndan guraldy. Duşuşyga Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň hünär ugurly düzümleriniň esasy hünärmenleri hem-de bu ulgamyň bilermenleri gatnaşdylar.

3 günlük mejlisiň gün tertibine Hazar deňzinde biologiýa serişdelerini bikanun tutmaga (brakonýerçilik) garşy göreşmek ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda teswirnamanyň taslamasyny ylalaşmak baradaky meseleler girizildi. Bu resminamanyň işlenilip taýýarlanylmagy 2010-njy ýylda Bakuwda (Azerbaýjan) geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň III sammitinde Hazar deňzinde howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen ylalaşyk arkaly göz öňünde tutulandyr.

Häzirki mejlisde bilermenleriň ara alyp maslahatlaşýan Hazar deňzinde biologiýa serişdelerini bikanun tutmaga (brakonýerçilik) garşy göreşmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda teswirnamanyň taslamasy hem bu ulgamda bilelikdäki tagallalary üstünlikli amala aşyrmaga gönükdirilendir. Duşuşygyň çäklerinde taraplaryň her biri tebigaty goramak ulgamynyň wajyp meseleleriniň birini çözmäge gönükdirilen tekliplerini aýtdylar. Şunda deňizde balyk gorlaryny aýawly saklamak we artdyrmak, deňiz giňişliginde balykçylyk bilen meşgullanmak işini düzgünleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Diňe jogapkärçilikli, pugta ylmy taýdan çemeleşmäniň uzak geljekde sebitiň balykçylygy üçin zyýansyz işleriň üstünlikli ösdürilmegini üpjün ediljekdigi bellenildi.

Mejlise gatnaşyjylar Hazaryň tebigy baýlyklaryny gorap saklamaga we artdyrmaga gönükdirilen bilelikdäki çäreleriň toplumyny kabul etmek babatda pikirlerini aýtdylar. Biologiýa serişdeleriniň we täsin suw giňişliginiň deňiz gurşawynyň ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik edilmegi möhüm wezipeleriň hatarynda agzaldy.

Duşuşykda bellenilişi ýaly, diňe toplumlaýyn çemeleşmäniň hem-de döwrüň ählumumy wezipelerini, şol sanda daşky gurşawy goramak, tebigatdan aýawly peýdalanmak, Hazaryň bioköpdürlüligini gorap saklamak ulgamynda öňde duran wezipeleri çözmekde dünýä jemgyýetçiliginiň birleşen tagallalarynyň Hazar ýakasynda ýaşaýan halklaryň we tutuş adamzadyň bähbidine hem-de abadançylygyna hakyky oňyn täsirini berip biljekdigini nygtadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň