19-njy iýulda Mary şäherinde Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanylyp, çagalar hassahanasynyň açylyş dabarasy boldy.
Saglygy goraýyş edarasynyň düzümine hirurgiýa, gastroenterologiýa, newrologiýa we rewmokardiologiýa, reanimasiýa, anesteziologiýa, anyklaýyş we maslahat beriş, kabul ediş, barlaghana, radiologiýa, gan banky bölümleri girýär.
Mundan başga-da, näsaglary dürli ugurly hünärmenler — oftalmolog, otolaringolog, endokrinolog, kardiolog, urolog, trawmotolog-ortoped, surdolog we beýlekiler kabul eder.
Hassahananyň anyklaýyş we maslahat beriş bölümi elektroensefalograf, rentgen, tomograf, wideofibrobronhoskop, fibrogastroskop, EKG we beýleki iň täze enjamlar bilen üpjün edilendir. Fizioterapiýa otagynda elektro, ýylylyk we yşyk terapiýasynyň dürli usullaryny (UWÇ, elektroforez, kwars we beýlekiler) ulanmak üçin iň täze enjamlar ýerleşdirilendir.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, täze lukmançylyk edarasy ýörite enjamlary çykarmaga ýöriteleşdirilen iri daşary ýurt kompaniýalarynyň ýokary takyklykdaky keseli anyklaýyş we bejeriş enjamlary, şeýle hem beýleki ýörite abzallar bilen üpjün edildi. Bir we iki orunlyk otaglarda ähli şertler döredildi.
Dabaranyň hormatly myhmanlarynyň hatarynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Halifa bin Zaýed Al-Nahaýýan adyndaky Gaznasynyň ynsanperwer işleri boýunça baş direktory Muhammet Al Huri bar.