Soňky habarlar

Arhiw

Döwletjan Ýagşymyradow: "Watan — meniň üçin ähli zatdan ilerde"

04:0411.05.2018
0
27230

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Moskwada geçirilen başa-baş göreş boýunça çempionatda türkmenistanly pälwan Döwletjan Ýagşymradow АСВ (Absolute Championship Berkut) boýunça agyr agramdaky türgenleriň arasynda çempion boldy. Şeýle hem ol Batraz Agnaýewden çempionlyk titulyny özüne aldy. Biz onuň bilen habarlaşyp, saýtymyzyň okyjylary üçin söhbetdeşlik gurnadyk.

— Döwletjan, biz sizi çempionlyk bilen gutlaýarys. Turkmenportal siziň ozal MMA-da gazanan üstünlikleriňiz barada hem okyjylaryna habar beripdi. Şeýle hem bolsa, biz birinji gezek söhbetdeş bolýarys. Ilki bilen, okyjylarymyza özüň barada gysgaça gürrüň beräýseň. Biz siziň Türkemnabatda doglandygyňyzy bilýäris. Ýöne ykbalyňyzyň dowamy barada bilmek has gyzykly. Sport bilen haçandan bäri meşgullanýarsyňyz?

— Men 1988-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenabat şäherinde doguldym. Şäherdäki 1-nji orta mekdepde bilim aldym. Sport bilen 6 ýaşymdan bäri meşgullanýaryn. Ilkinji meşgullanan sportum karatedi. 2011-nji ýyldan bäri bolsa başa-baş söweş bilen gyzyklanýaryn.

— Sportuň bu görnüşine gelmegiňize näme täsir etdi. Mälim bolşy ýaly, bu görnüşde şikes almak mümkinçiligi has ýokary.

— Bu görnüş meniň häsiýetime juda ýakyn geldi.

— Siz Harkowda okadyňyz. Ýa bu ýere hemişelik ýaşamaga geldiňizmi?

— Hawa, Harkowdaky milli-ykdysadyýet uniwersitetinde okadym.

— Siziň ýüregiňizde Türkmenistan nähili orun tutýar. Siziň ata Watanyňyza söýgiňizi ýeňişlerden  soň hem görýäris. Ol ýerde siziň dostlaryňyz, size iň ýakyn adamlar ýaşaýar. Haçan hem bolsa bir mahal Türkmenistana dolanyp barmak meýliňizde barmy?

— Hawa, elbetde. Watanym — meniň üçin ähli zatdan ilerde. men elim boş wagtlary Watanyma baryp gaýdýaryn. Maý aýyndan soň ýene bir gezek Türkmenistana baryp gaýtmak hyýalym bar.

— Sportdan boş wagtyň näme bilen meşgullanýarsyňyz?

— Diňe sport bilen. Dogrymy aýtsam, mende artykmaç boş wagt hem ýok.

— Siz öz sport karýeraňyzdan hoşalmy? 

— Elbetde, hoşal. 

— Indiki maksadyňyz?

— Çempionlygy goramak.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň