Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň we Gyrgyzystanyň «Dordoý» toparynyň 30 ýaşly ýarym goragçysy Amir Gurbany Turkmenportal saýtynyň redaksiýasy tarapyndan geçirilen ses berlişigiň netijesi boýunça «Türkmenistanyň 2017-nji ýyldaky iň gowy futbolçysy» diýlip yglan edildi.
Ses berlişigiň netijesi boýunça A.Gurbany 191 ses ýygnan bolsa, ikinji, üçünji orunlary degişlilikde «Ahalyň» ýarym goragçysy Myrat Annaýew (97 ses) we milli ýygyndymyzyň, geçen möwsüm «Şagadamyň», indi bolsa «Ahalyň» hüjümçisi Süleýman Muhadow (27 ses) ýygnady.
Biz ses berlişigiň ýeňijisi bilen «Dordoý» toparynyň metbugat gullugynyň üsti bilen habarlaşyp bildik, munuň üçin biz toparyň metbugat wekili Tengelbes Musaýewe hoşallyk bildirýäris.
— Amir, ilki bilen, biz sizi biziň okyjylarymyzyň saýlamagynda «Türkmenistanda 2017-nji ýylda iň gowy futbolçy» diýlip saýlanmagyňyz bilen gutlaýarys. Ses berlişik hakynda siz nähili pikir edýärsiňiz? Bu netijä garaşylmadyk netije diýip bolarmy?
— Gutlagyňyz üçin hoşallyk bildirýärin. Birinji bolmak hemişe ýakymly. Bu ýeňiş meniň üçin belent mertebedir. Başga tarapdan bolsa, men yzygiderli yhlas etseň, Watanyň hem, watandaşlaryň hem gadyryňy bilýändigine ýene bir gezek göz ýetirdim.
Ses berlişik, hakykatdan-da, garaşylmadyk netije bilen tamamlandy. Meniň pikirimçe, sanawda ady görkezilen futbolçylaryň ählisi hem bu ýeňşe mynasypdy. Ýöne men bu ýeňiş üçin türkmenistanly we gyrgyzystanly janköýerlerime ýene bir ýola hoşallyk bildirýärin.
— Şeýle seredeniňde size geçen ýyl milli ýygyndymyza Aziýa kubogy — 2019-yň saýlama tapgyrynyň ýekeje duşuşygynda-da kömek etmek nesip etmedi, ýöne, muňa garamazdan, siz Turkmenportalyň okyjylarynyň saýlamagy boýunça 2017-nji ýylyň iň gowy türkmenistanly futbolçysy. Siziň pikiriňizçe, bu çaprazlygyň sebäbi nämede?
— Men bu sebäbi siz öz okyjylaryňyzdan soramaly diýip pikir edýärin. Milli ýygynda düşmek meselesi barada. Men öz ýurdumyň abraýy üçin futbol oýnamaga hemişe-de taýýar, aslynda, bu her bir futbolçy üçin belent mertebedir. Men näme üçin geçen ýyl milli ýygynda çagyrylmadym. Bu sowalyň jogaby maňa däl-de, milli ýygyndymyzyň tälimçilerine bagly. Men hemişe, islendik wagtda öz Watanym üçin futbol oýnamaga taýýar.
— Özüňiz ses berlişige gatnaşdyňyzmy? Şeýle bolsa, kime ses berdiňiz? Eger gatnaşmadyk, ses bermedik bolsaňyz, başga kimi has mynasyp diýip görkezerdiňiz we näme üçin?
— Hawa, her bir okyjy ýaly, menem öz sesimi berdim. Boýun alaýyn, özüme ses berdim. Düzgünnamada muňa gadagançylyk girilmändir (ýylgyrýar). Men ýaňy sanawdaky her bir futbolçynyň bu ýeňşi gazanmaga mynasypdygyny aýtdym. Her kimiň öz ornunda bir artykmaç, üstün tarapy bar. Bilelikde bolsa biziň ählimiz gowy futbolçylar.
— Türkmenistanyň iň gowy futbolçysyny yglan etmek ugrundaky bäsleşige siziň bir teklibiňiz barmy? Siziň pikiriňizçe, Turkmenportal bu bäsleşigi geljekde-de dowam etdirmelimi?
— Men bäsleşigiň dowam etdirilmeginiň tarapdary. Her ýyl iň gowyny saýlamak ýakymly. Bu futbolça-da janköýerleriniň özüne bolan garaýyşyna, berýän bahasyna göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Geljekde iň gowy tälimçi we iň gowy eminler üçin hem şeňle ses berlişikler geçirilse gowy bolardy.
— Gyrgyzystan — futbolyň o diýen bir ösen döwleti däl. Siziň «Dordoýyň» çakylygyny kabul edip, şertnama baglaşmagyňyz käbir babatda jedelli boldy. Gyrgyzystanyň çempionatyna görä, Türkmenistanyň birinjiliginde bäsdeşlik ýiti gidip, barha kämilleşmegiňize itergi berip bilmezmidi?
— Tersine. Bu ýerde futbol has gyzykly. Gowy işleýän futbol mekdepleri bar. Futzala-da, uly futbola-da gyzyklanma uly, her dürli döwletlerden legioner futbolçylar çykyş edýär. Gyrgyz futbolynda maňa esasy ýaran zatlaryň biri janköýerleriň medeniýetidir. Olar netijä bakman, janköýerlik edýän toparlaryny güýçli söýgi bilen goldaýarlar.
Meniň şertnamam näme üçin jedelleşilýär? Men daşary ýurtlaryň çempionatlarynda ozal hem çykyş edipdim. Dogry, biziň çempionatymyzda her bir topar, oýunçy, tälimçiler ştaby gowy. Men bolsa täze başdangeçirmeleriň, täze ýeňişleriň, umuman, täzelikleriň, özgerişlikleriň gözleginde.
Russiýaly futbol agendi Wýaçeslaw Martynow we meniň dostum Gennadiý Hristoforidi maňa kuboklara baý taryhy bolan «Dordoýda
Oýnamagy teklip etdi. Topar örän güýçli futbolçylardan düzülen, baş tälimçimiz Krestiniň ýolbaşçylygyndaky tälimçiler topary hem juda tejribeli. Bişkege gelip, klubyň ýolbaşçylary we tälimçiler bilen tanşanymdan soň, ýalňyş karara gelmändigime göz ýetirdim.
— Maşgalaňdan uzakda bolmak kyn düşenokmy?
— Elbetde, häzirlikçe kyn. Ýöne ýakynda olar hem meniň ýanyma gelmekçi. Häzir klub aýalymyň we oglumyň wiza boýunça resminamalaryny taýýarlap ýör.
— Täze toparda sizi nähili kabul etdiler? Topar bilen oýun sazlaşygyna gelmek üçin näçe wagt gerek boldy?
— Hiç zatdan ýaýdanman, türgenleşiklere başladym. Edil, ozaldan şu toparda oýnap ýörenim ýaly, basym öwrenişdim. Oglanlaryň ählisi hem gowy, tälimçiler tejribeli, men örän gowy we sada adamlaryň arasyna geldim. Şonuň üçin topara öwrenişmäge wagt gerek hem bolmady.
— «Dordoýyň» täze möwsümdäki maksatlary barada hem aýdaýsaňyz.
— Täze möwsümde toparymyz öňünde uly maksatlary goýýar: diňe birinji orun we ähli duşuşyklarda ýeňiş. Biziň örän güýçli we ýürekdeş toparymyz bar. Men möwsümiň ahyrynda ähli maksatlarymyz ýetjekdigimize ynanýaryn.
— AFK-nyň kubogy — 2018-iň jogap duşuşygynda «Ahalyň» derwezesinden iki pökgi geçirdiňiz we duşuşygyň iň gowy futbolçysy bolduňyz. Esasy düzümde çykan ilkinji resmi duşuşygyňyzda bu nädip başardy? Ýogsam, siz 100 göterim duşuşyga taýýar hem däldiňiz.
— Balkanabatda geçirilen şol duşuşykda, hakykatdan-da, iki gol geçirdim, ýene şonça goly geçirmäge bolan mümkinçiligi hem elden gidirdim. «Ahalyň» bagtyna iki pökgi hem derwezä girmedi: birinjisini derwezewan gaýtardy, ikinjisi sütüne degdi. Men näme üçin birinji duşuşykda esasy düzümde däldim? Bu sowalyň jogabyny tälimçilerden almak gerek.
— AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş edýän toparlarymyz barada nähili pikiriň bar?
— Men dürli ýyllarda bu toparlaryň ikisinde hem futbol oýnadym. Ikisi hem gowy topar, ikisi-de gowy futbolçylary ýygnady. Men diňe olara AFK-nyň kubogynda üstünlik arzuw edýändigimi aýtmak isleýärin.
— Siz öz futbolçylyk karýeraňyzdan razymy?
— Men razydygymy belent ruh bilen aýdyp bilerin. Men karýeram üstünlikli boldy diýip pikir edýärin. Islendik wagt ony başga hiç hili durmuş bilen çalyşmak islemezdim. Näme bolan bolsa, iň gowusy boldy.
— Megerem, öz tälimçileriňi hiç haçan unudýan dälsiňiz. Çünki tejribeli futbolçy bolup ýetişmegiňizde olaryň zähmeti uly.
— Elbetde, men ilkinji tälimçilerimi hemişe uly hormat bilen ýatlaýaryn. Olar maňa topa nähili erk etmelidigini öwretdiler, meni entek kiçijikligimden futbola alyp geldiler. Men Aleksandr Potapkine, Korotkow Konstantin Alekseýewiçe, Akopýan Sergeý Georgiýewiçe uly hoşallyk bildirýärin. Meniň futbol durmuşymda olaryň orny uludyr.
— Soňky minutlarda siziň Bahreýn bilen duşuşyk geçirjek milli ýygyndymyzyň düzüminden çykarylandygyňyzy eşitdik. Bu ýagdaý nähili bolup geçdi?
— Bahreýn bilen 27-nji martdaky duşuşyk üçin men, hakykatdan-da, milli ýygyndymyzyň düzümine çagyryldym. Ýöne uçuşa iki gün galanda men şikes aldym. Elbetde, agyr degdi, ýöne futbolçylarda garaşylmadyk wagty şikeslenmek kän gabat gelýär.
— Ýene-de milli ýygyndy bilen çykyş etmek mümkinçiligi dörese, nähilidir bir maksadyňyz barmy?
— Ýene bir gezek aýdýaryn: men milli ýygyndyda oýnamaga hemişe taýýar. Bu meniň Watanym, bu meniň Senam, meniň Baýdagym, meniň Tugram, meniň janköýerim. Eger şikes badak salmasa, men hemişe taýýar.
— Siziň gowy görýän toparyňyz we futbolçyňyz?
— Men belli bir toparyň däl-de, arassa, gowy futbolyň tarapdary. Aýratyn bir öňe çykarýan futbolçym hem ýok.
— Siziň pikiriňizçe, Ýewropanyň Çempionlar ligasynda kubogy şu ýyl haýsy topar gazanar?
— Kimiň ýeňjekdigini finalda göreris. Häzir oňa wagt kän.
— Onda Russiýada geçiriljek dünýä çempionaty baradaky pikiriňiz nähili?
— Dünýä çempionaty, eýýäm başga bir ýaryş. Ol barada belli bir zady çaklamak kyn. Kiçijik döwletler hem garaşylmadyk futbol bilen haýran galdyryp bilýär.
— Ýene näçe ýyl futbol oýnamagy meýilleşdirýärsiňiz?
— Entek futboly dowam etdirmäge saglygym päsgel berenok.
— Futbolçylyk karýeraňyzdan soňky maksatlaryňyz.
— Dogrusy, ol barada entek pikir hem etmändirin. Oňa çenli entek wagt kän diýip hasaplaýaryn.
— Okyjylarymyza arzuwlaryňyzam eşidäýsek.
— Meniň watandaşlarym, janköýerlerim, men size berk jan saglyk arzuw edýärin. Mydama asuda asmanyň astynda bagtly ýaşaň.
Soňky habarlar
Arhiw
Amir Gurbany: «Birinji bolmak mydama ýakymly»
22:5327.03.2018
0
9078
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň