Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň kubogy, pleý-off: "Hujand" ak, "Ahal" ýaşyl-gara köýnekçede çyklyş eder

11:3719.02.2018
0
4479

20-nji fewralda Täjigistanyň HUjand şäheriniň ýerli topary bilen geçiriljek jogap duşuşygynda "Türkmennebitönümleri" baş müdirliginiň "Ahal" futbol topary ýaşyl-gara köýnekçede çykyş eder. Ýer eýeleriniň wekilleri bolsa ak köýnekçe geýerler.

Şu gün "Täjigistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy" stadionynyň metbugat zalynda oýundan öňki ýygnanşyk geçirildi. Oňa duşuşygyň ähli resmi adamlary, iki toparyň wekilleri gatnaşyp, duşuşygyň guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ýygnanşykdan soňra, iki toparyň baş tälimçileri we futbolçylary žurnalistleriň sowallaryna jogap berdiler. Bu metbugat maslahatynda biz size günüň ikinji ýarymyndaky habarlarymyzda habar bereris.

Duşuşyk ertir Aşgabat wagty bilen 13:00-da başlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň