Soňky habarlar

Arhiw

AFK kubogy 2018: “Ahal” ýeňiş bilen başlady

20:4723.01.2018
0
6495

23-nji ýanwarda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň wise-çempiony “Ahal” topary AFK kubogynyň saýlama tapgyryndaky ilkinji duşuşygyny geçirdi. Bişkek şäherinde geçirilen duşuşykda Röwşen Meredowyň tälim berýänleri Gyrgyz Respublikasynyň kubogynyň eýesi “Dordoý” topary bilen duşuşdy. Bu duşuşyk 3:1 hasabynda “Ahal” toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy.

“Ahal” bilen “Dordoý” toparlarynyň 2015-nji ýylda hem AFK kubogynyň saýlama tapgyrynda duşuşandyklaryny ýatladýarys. Bir oýundan ybarat bolan şol duşuşykda “Ahal” paýtagtymyzda 1:0 hasabynda üstün çykypdy.

Ilkinji minutlardaky garaşylmadyk ýagdaý

Ýer eýeleri hökmünde oýnuň ilkinji sekuntlaryndan hüjüme girişen “Dordoý” topary üçin duşuşygyň başy örän şowsuz başlady. Garşydaşynyň birinji hüjümini şowly gaýtarmagy başaran “Ahalyň” futbolçylary birinji minutda topara täze goşulan Süleýman Muhadow netijeli urgusyndan soň öňe saýlanmagy başardylar. Şondan soň hüjümleriniň sanyny has-da artdyran “Dordoý” duşuşygyň 19-njy minutynda Jyrgalbek uulu Kaýratyň dürs urgusyndan soň hasaby deňlediler. Şondan soň “Dordoýyň” eden hüjümleri netije bermedi. Şeýlelikde birinji ýarym 1:1 hasabynda deňlikde tamamlandy.

Netije getiren iň soňky minutlar

Ikinji ýarym ýokary derejede başlandy. Ilki bilen “Dordoýyň” futbolçylary öz derwezeleriniň öňünde aljyraňly ýagdaýy döretdiler. Az soňra bolsa “Ahalyň” derwezeçisi topy tasdan öz derwezesine geçiripdi. Goragçy ýetişmedik bolsa hasap 2:1 bolmagam ähtimaldy. Şondan az salym soň “Dordoýyň” ganaly hüjümçisi Oseýiň depen topuny derwezeçi däl-de, derwezäniň sütüni “yzyna gaýtardy. Şondan soň hem hüjümleriniň sanyny artdyran “Dordoýyň” birinji golunyň eýesi Jyrgalbek “Ahalyň” derwezeçisi Babaýew bilen bir-bire çykdy. Ýöne türkmen derwezeçisi bu ýagdaýdan abraý bilen baş alyp çykmagyň hötdesinden geldi.

Garşylyklaýyn hüjümde “Ahal” tapawutlanmaga örän gowy mümkinçilik aldy. Ýöne ýokary derejede oýnan “Dordoýyň” derwezeçisi Kaşuba ussatlygyny görkezdi. Bu hüjümden soň hem hasap öňküligine galdy. Şu pursatda toparlaryň ikisiniň-de örän tiz hereketli futboly öňe sürendigini bellemek gerek. Iki tarapyň derwezesiniň öňünde hem howply pursatlar azlyk etmedi. Şu ýagdaýda Krestinin oýunçylarynyň ikisini çalşygyny geçirdi. Sidorenkonyň ornuna Azarow girdi, Sagynbaýewi bolsa türkmenistanly Amir Gurbany çalyşdy.

Ýöne soňlugynda görlüp oturylsa, “Dordoýyň” bu oýunçy çalşygy “Ahalyň” peýdasyna boldy. Duşuşygyň başyndan tä, ahyryna çenli diňe bir oýunçysyny çalşan Röwşen Meredow bu ýagdaýy özüçe çözdi oturyberdi. Onuň şondan soňky saýlan taktikasy oýnuň soňunda “Ahala” ynamly ýeňiş getirdi. Tälimçisiniň pikirlerini gola öwren bolsa milli ýygyndymyzyň esasy oýunçysy Myrat Annaýew boldy. Şeýlelik bilen gyzykly geçen duşuşyk türkmen toparynyň – “Ahalyň” 3:1 hasabyndaky ynamly ýeňşi bilen tamamlandy.

Jogap oýny 30-njy ýanwarda geçiriler

“Ahal” bilen “Dordoýyň” arasyndaky jogap oýny Balkanabat şäherinde 30-njy ýanwarda geçiriler. Türkmen-gyrgyz toparlarynyň arasyndaky saýlama tapgyryň ýeňijisi pleý-off tapgyrynda Täjigistanyň wise-çempiony “Hojand” topary bilen duşuşar. Pleý-off tapgyrynyň ýeňijisi bolsa toparçalaýyn bäsleşikde “Alaý” (Gyrgyz Respublikasy), “Altyn Asyr” (Türkmenistan) hem-de “Istiklol” (Täjigistan) toparlary bilen güýç synanyşmaga mümkinçilik alar.

AFK kubogynyň kwalifikasiýa tapgyry

“Dordo” (Gyrgyz Respublikasy) – “Ahal” – 1:3 (1:1)

Gollar: 19’ Jyrgalbek uulu Kaýrat – 1’ Muhadow, 75’, 86’ Annaýew

“Dordoý”: Kaşuba (d), Şeratow (k), Tego, Duýşobekow, Otkeýew, Sidorenko (Azarow, 59), Sydykow, Şamşiýew, Sagynbaýew (Amir Gurbani, 65), Jyrgalbek uulu (Şaarbekow, 83), Oseý.

“Ahal”: Babaýew (d), Muhammedow (Hallyýew, 92), Annaýew, Muhadow, Abylow, Durdyýew, Orazow, Hajyýew (k), Myradow, Ylýasow, Hojowow.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň