Türkmenistanyň futbol çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi “Ahal” toparynyň goragçysy Ata Geldiýew Ahmet Ataýewden (“Arema”) soň Indoneziýanyň futbol çempionatyna aralaşyp, “Perseru 1969” topary bilen deslapky şertnama baglaşdy. Baglaşylan ylalaşyga laýyklykda, Geldiýew özüniň täze toparynda ýakynda başlanjak Prezidentiň kubogynda ýokary oýun görkezip bilse, onda onuň şertnamasynyň möhleti bir ýyla çenli uzaldylar.
Geldiýewiň täze topary Indoneziýanyň futbol çempionatynyň geçen möwsüminde 18 toparyň arasynda 15-nji orny eýeledi. Indoneziýanyň nobatdaky futbol çempionaty fewralyň aýaklaryna başlanýar.