Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn asyr» — «Dordoý»: Annadurdyýew başlady, Amanow tamamlady

22:2703.05.2017
0
7727

Balkanabat, 3-nji maý. Şu gün Balkanabat şäheriniň «Sport toplumy» stadionynda ýurdumyzyň Milli futbol çempionatynyň häzirki çempiony — Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Altyn asyr» futbol topary AFK-nyň Kubogynyň «D» toparçasynyň dördünji tapgyrynda Gyrgyzystanyň wise-çempiony bolan Bişkek şäheriniň «Dordoýyny» kabul etdi. Duşuşykda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri 3:0 hasabynda ýeňiş gazanyp, çärýek finala barýan ynamly ýoly dowam etdirdiler.

Mälim bolşy ýaly, şu duşuşyga çenli «aragatnaşykçylaryň» 7, «Dordoýyň» bolsa 3 utugy bardy. Şonuň üçin hem toparçadan çykmaga mümkinçiligini artdyrmak üçin toparlaryň ikisini-de diňe ýeňiş gerekdi. Duşuşykdan öň geçirilen metbugat maslahatynda «Dordoýyň» baş tälimçisi Murat Jumakeýew: «Biz duşuşyga taýýar. Oglanlarymyza ynanýarys!» diýen hem bolsa, «Altyn asyryň» hüjümçileri Altymyrat Annadurdyýew bilen Arslanmyrat Amanow tälimçiniň ynamyny «puja çykardy».

Duşuşygyň beýanyna geçmezden ozal, tälimçileriň ikisiniň hem ätiýaçdaky derwezewanlary synap görendigini aýtmak isleýäris. Nikita Gorbunow hem «Dordoýyň» ýaş derwezewany Maksim Zinçenko hem duşuşygyň başynda meýdana çykdy. Olara derek geçen oýunda derwezäni goran Mämmet Orazmuhammedow bilen Waleriý Kuşuba ätiýaçda garaşdy. Ýazguly Hojageldiýew goragçy Resul Hojaýewe-de duşuşygyň ilkinji minutlaryndan mümkinçilik berdi.

Ozalyndan hem garaşylyşy ýaly, 8 müň janköýeri özüne çekip bilen duşuşyk ilkinji minutlaryndan dartgynly başlady. Eýýäm duşuşygyň başynda «Altyn asyr» «Dordoýyň» hüjümçileri Awazbek Otkeýew bilen Alişer Azizowyň bilelikdäki hüjümine duçar boldy. Hernä, howp aman-sag sowuldy. Şondan sähelçe soňa bolsa, Altymyrat Annadurdyýew myhman toparyň ýaş derwezewany bilen başa-baş çykan-da bolsa, amatly pursatdan peýdalanyp bilmedi.  Garşylyklaýyn hüjümleriň ýene birinde Žyrgalbek uulunyň ildeşlerimiziň derwezesine gönükdiren pökgüsi derwezäniň sütünine degip, yza serpikdi.

Janköýerler: «Go-ol!» diýip, buýsanç bilen batly gygyrmak üçin 15 minut çemesi garaşmaly boldular. Duşuşygyň 14-nji minudynda kapitan Arslanmyrat Amanowyň meýdanyň burçundan oýna girizen pökgüsini hüjümçi Altymyrat Annadurdyýew kellesi bilen derwezä gönükdirdi. Goragçylary bilen düşünişmedik ýaş derwezewan pökginiň derwezä niçik girenini hem aňşyrman galdy. Şeýlelikde, hasap biziň ildeşlerimiziň peýdasyna üýtgedi — 1:0.

Ilkinji goldan 3 minut soňra «Dordoýyň» derwezewany pökgi bilen derwezä juda golaý gelen Süleýman Muhadowy ýykdy. Onuň bu hereketi katarly emin Hamis Mohamed Al Kuwariniň «Dordoýyň» derwezesine 11 metrlik jerime urgyny bermegine getirdi. Jerime urgyny kapitan Arslanmyrat Amanow ýerine ýetirdi we hasap 2:0.

M.Zinçenko derwezesini käbir howply pursatlardan we 11 metrlik jerime urgusyndan halas edip bilmedik bolsa-da, onuň gowy oýny orta goýandygyny nygtamak borjumyz. A.Amanowyň dürs jerime urgusyndan 5 minut soňra, derwezewan başa-baş dörän howply pursatdan baş alyp çykyp bildi.

Duşuşygyň birinji ýarymynda ýatda galan esasy zatlaryň biri hem «Dordoýyň» goragçysy Kursanbek Şeratowyň 6 minudyň dowamynda alan iki sary kartyndan soňra, meýdan kowulmagydyr. 27-nji minudynda «Altyn asyryň» hüjümini gödeklik bilen saklap, eminden sary «peşgeş» alan K.Şeratow 33-nji minutda jerime meýdanynyň içinde A.Amanowy ýykyp, «peşgeşiniň» reňkini gyzyla öwürdi we duşuşygy 33 minutda tamamlady. Ýöne bu hereket onuň topardaşlaryna agyr degdi. A.Amanow bu gezek hem 11 metrlik jerime urgusyny ýerine ýetirdi we duşuşygyň soňky nokadyny goýdy — 3:0.

Birinji ýarym tamamlanmanka, «Dordoý» ýene bir urgy aldy. 42-nji minutda «Altyn asyryň» goragçylary A.Otkeýewem «oýundan çykardylar». Dartgynly pursatlaryň birinde şikeslenen hüjümçi ornuny başga bir topardaşy Taalaý uulu Baktaýa bermeli boldy. Esasy düzümden bir hüjümçiniň, bir goragçynyň oýun bilen hoşlaşmagy, elbetde, myhman topar üçin uly urgy boldy. Onda-da, hasap 3:0-ka...

Ikinji ýarymyň eýýäm ilkinji sekuntlarynda A.Annadurdyýew — A.Amanow sazlaşygy myhmanlaryň derwezesine sary ýiti hem howply hüjümi gurnady. Kapitanyň A.Annadurdyýewden alyp derwezä gönükdiren pökgüsi «Dordoýyň» derwezewanynyň göni eline geldi. Şondan soň, «Dorodýyň» yzly-yzyna geçirne iki hüjümi hem netijesiz boldy. Mahlasy, duşuşygyň ikinji ýarymynda howply pursatlaryň ençemesi bolan hem bolsa, hasap üýtgemedi. Şeýlelikde, «Altyn asyr» AFK-nyň kubogynda geçiren dördünji duşuşygynda üçünji ýeňşini gazandy.

Toparçadaky beýleki bir duşuşykda Täjigistanyň «Istiklol» topary Gyrgyzystanyň «Alaýyny» 4:1 hasabynda ýeňdi. Bu bolsa türkmen we täjik futbolçylarynyň 10 utuk bilen indiki tapgyra, ýagny çärýek finala çykmak mümkinçiligini dowam etdirýändigini görkezse, Gyrgyzystana wekilçilik edýän toparlaryň mundan soň, diňe üçünji orun üçin göreşmäge mümkinçiliginiň galandygyny aňladýar. Diýmek, galan iki tapgyrda bäsdeşlik, esasan, «Altyn asyr» bilen «Istiklolyň» arasynda dowam eder.

«Altyn asyr» bäşinji tapgyrdaky duşuşygyny hem «Balkanabatda» geçirer. 17-nji maýda boljak duşuşykda türkmen futbolçylarynyň myhmany Gyrgyzystanyň «Alaý» futbol topary bolar. Şol gün Bişkekde «Dordoý» «Istikloly» kabul eder.

 AFK-nyň kubogy — 2017.

«D» toparça

Dördünji tapgyr

«Altyn asyr» (Türkmenistan) — «Dordoý» (Gyrgyzystan) — 3:0.

Gollar:

1:0, Altymyrat Annadurdyýew, 14’

2:0, Arslanmyrat Amanow, 17’ (11 m.j.u.)

3:0, Arslanmyrat Amanow, 35’ (11 m.j.u.)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň