Aýdymçy zenan Beýonseniň Atlantadaky konserti wagty 10 ýaşly gyzjagazyň ýerde uly tomzak görüp, çirkin gygyrmagy bilen basgy döredi hem-de 11 adam şikes alyp, hassahana ýerleşdirildi. Bu barada «The New York Post» gazeti habar berdi.
Wakanyň wideosynda adamlaryň arabalarda we zemmerlerde «Tiz kömek» ulaglaryna mündürilýändigi görünýär. Olary ýerli hassahanalara äkidýärler. Soň anyklansa, gyzjagaz ýerde ullakan tomzak görüp gorkusyna gygyran ekeni.
Haçanda aljyraňňylyga uçran adamlar eskalatordan aşak ylgap başlanlarynda, gyssanyp bir-biriniň üstüne ýykylypdyrlar. Aýdymçynyň muşdaklarynyň biri Ember Anderson öz üstüne 20 adamyň ýykylandygyny gürrüň berýär.