Habar beriş serişdeleriniň ýazmagyna görä, Ýaponiýada 2025-nji ýylyň maýynda tüwiniň bir haltasynyň bahasy 280 iýene (29 dollara) deň boldy. Bu bir ýyl mundan öňdäkiden iki esse gymmatdyr diýip, «finance.mail.ru» ýazýar.
Bahalaryň gymmatlamagy 2023-nji ýylda güýçli yssy howa sebäpli şaly hasylynyň çynlakaý ýitgi çekendigi bilen baglydyr. Adatdan daşary ýagdaý diňe hasylyň hiline zyýan ýetirmän, önümçiligiň peselmegine hem getirdi.
Muňa jogap hökmünde Hökümet tüwini döwlet ätiýaçlyk gorlaryndan ilata goýberip başlady. Dükanlar açylmanka tüwi üçin uzyn nobatlar bar. Ýerli habar beriş serişdelerine salgylanýan «Yahoo Finance» adamlaryň öňküsi gün agşam sagat 8-de nobat tutýandyklaryny ýazýar.
«Nikkei Asia» neşiriniň maglumatlaryna görä, iýulyň başyndan bäri Tokionyň dükanlarynyň tekjeleri köplenç boş bolýar. Galyberse-de, supermarketler berk düzgün girizdiler: her maşgala günde bir halta tüwi satylýar.
Ýamagatadan fermer Nobihiko Kurosawa şeýle gürrüň berýär: «Ýaponiýanyň Hökümeti eýýäm öz ätiýaçlyk gorlarynyň köpüsini satuwa goýberdi, bu tomus hem gaty yssy, netijeler-de has agyr bolar. Azyk meseleleri diňe daýhanlara däl, tüwi iýýänlere hem degişlidir».
Ýaponiýadaky tüwi babatda kynçylyklar dünýädäki azyk harytlary bilen kynçylyklaryň diňe bir bölegidir. Sebäbi dünýäde azyk harytlarynyň nyrhy dowamly gymmatlaýar. Hümmetsizlenme diňe Ýaponiýada däl, ähli ýurtlarda öý hojalyklaryň býujetine agram salýar diýip, ady agzalan neşir habar berýär.