Indoneziýanyň «birinji pişigi» hasaplanýan Bobbi Kertanegara lakamly pişik Prezident goragy bilen üpjün edildi, ol ýurduň Prezidenti Prabowo Subiantonyň pişigidir diýip, «MIR 24» gürrüň berýär.
12-nji iýulda Bobbi Pişikleri söýüjileriň gününiň baýramyna gatnaşdy, internetde onuň polisiýa serkerdeleriniň ugratmagynda haly düşelen ýodadan ýöräp barýan wideoşekilleri ýaýradyldy. Wideoşekiller internet peýdalanyjylarda dürli seslenme döretdi, käbirleri döwletiň hasabyna haýwanlara aýratyn gatnaşygyň adalatly däldigini ýazdylar.
Ýagdaýy Döwlet sekretarynyň orunbasary Juri Ardiantoro düşündirdi, ol Bobbiniň Prezidentiň şahsy haýwanydygyny, onuň goraga hukugynyň bardygyny nygtady.
Indoneziýanyň Prezidentiniň pişigi eýýäm birnäçe döwlet Liderleriniň gownüne ýarady. Mysal üçin, Awstraliýanyň Premýer-ministri Entoni Albaneze maýda Jakarta ilkinji döwlet sapary bilen gelende, Bobbi üçin «Awstraliýa Indoneziýany söýýär» diýen ýazgyly şarfjagaz getirdi diýip, «South China Morning Post» neşiri ýazýar.
Bobbi köçe pişigi, Prezident Prabowo Subianto ony mundan on ýyl öň köçeden tapdy, pişigiň sosial torlarda köp abunaçyly akkaunty bar.