Limpopodan bolan şa gyzy Tsakani Zenki Miýen russiýaly Artýom Sidorenko durmuşa çykdy. Bu barada «Altaý habarlary» neşirine salgylanýan «Rambler.ru» habar berdi.
Neşiriň maglumatlaryna görä, Günorta Afrikadan şa gyzy ýassykdaşynyň ene-atasynyň ýanynda ýaşamak üçin Russiýanyň Altaý ülkesiniň Ýarowoýe şäherine göçmek kararyna geldi. Olar ilki Limpopoda, soňra Keýptaun şäherinde toý etdiler.
Ýerli ýaşaýjylar russiýaly öýlenýän ýigidi hoşamaý garşyladylar. Çagalar oňa iňlis dilini öwretmek üçin ýanyna üýşýärler. Jübütler iki sany dil öwrediş mekdebini – Russiýa iňlis dili, Afrikada rus dili mekdebini açmagy meýilleşdirýärler.