Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Pesto – Datly eller restoranynyň terrasasynda tomusky dynç alyş: lezzetli tagam, rahatlyk we arassa howa

12:2718.07.2025
0
26315

Mary şäherindäki Pesto – Datly eller restorany myhmanlary tomus agşamlaryny özleriniň rahat terrasasynda geçirmäge çagyrýar. Bu ýer açyk howada, lezzetli tagamlaryň we rahatlygyň gurşawynyň sazlaşygyny söýýänler üçin aňrybaş özüne çekiji dynç alyş ýerleriň biridir.

Terrasada restoranyň menýusynyň ähli esasy tagamlary — etli we balykly tagamlardan başlap täze bişirilen çörek önümlerine çenli, meze we meşhur türk süýjülikleri hödürlenýär. Iň köp islenilýän tagamlaryň hatarynda mangalda taýýarlanylýan däp bolan tagamlar we meşhur türk pahlawalarynyň 21 görnüşi bar. Bu ýerde romantik agşamy, iş duşuşygyny geçirip ýa-da dostlar bilen ýygnanyşyp, rahat gurşawda agşamlyk edinip bilersiňiz.

Restoran «Şapak» ýaşaýyş toplumynda, «Altyn asyr» halkalaýyn ýoluna tarap ugurda ýerleşýär.

Öňünden sargyt etmek üçin telefon belgileri: +993 522 5-53-77, +993 522 5-53-88, +993 71 10-10-55, +993 63 39-99-39

Elektron poçta salgysy: restoranpesto@gmail.com

Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň