12-nji iýunda Hindistanyň Ahmetabat şäherinden uçan dessine ýere gaçan «Air India AI171» uçarynyň «gara gutusynyň» okalmagy netijesinde, heläkçiligiň ilkinji jikme-jiklikleri belli bolup başlady. Olaryň biri-de uçaryň kapitany Sumit Sabharwalyň uçuşa başlandan birnäçe sekunt soňra hereketlendirijileriň ikisine hem ýangyç berilmegini bes edendigidir. Bu bolsa, ikinji uçarmany aljyradypdyr diýip, «MIR 24» ýazýar.
«Gara gutudan» alnan maglumatlara laýyklykda, Sabharwal kärdeşiniň garşylygyna garamazdan, özüni rahat alyp barypdyr. 10 sekuntdan soňra ýangyç berijiler başky ýagdaýa getirilip, ýangyç berilmegi dikeldilipdir, emma howa gämisi ýere gaçyp, 241 adamyň ölümine getiren heläkçilik bolupdyr. Heläkçilikde diňe bir ýolagçy diri galdy, ýerde heläk bolanlary-da goşsaň, pidalaryň umumy sany 270 adama deňdir.
Hindistanyň howa hadysalaryny derňemek boýunça edarasynyň deslapky hasabaty heniz waka barada gutarnykly jogap berenok, ýagny ýangyç bermek ulgamynyň öçürilmegi bilgeşleýin edilipdirmi ýa-da ol tötänlikmi, bu belli däl. Resminama görä, uçarmanlaryň biri ulgamy öçürendigini-deinkär edýär diýip, «The Wall Street Journal» (WSJ) habar berýär.
Hindistanyň awiakompaniýasynyň baş direktory Kempbell Uilson derňewiň dowam edýändigi sebäpli howlukmaç netije çykarmazlyga çagyrdy. Awiakompaniýa häkimiýetler bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Hindistanyň Raýat awiasiýasy ministrligi çap edilen habary birtaraplaýyn diýip häsiýetlendirdi we düşündiriş bermekden ýüz öwürdi.