Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary 28-nji iýundan 2-nji awgust aralygynda Italiýa Respublikasynyň Daşary ýurtlular üçin Perujiýa uniwersitetinde geçirilýän italýan dili we medeniýeti boýunça okuwlara gatnaşýarlar. Türkmenistanyň Bilim ministirliginiň resmi saýtynda berilýän habara görä, bu iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen Italiýanyň uniwersitetiniň çakylygy boýunça guralýar.
Türkmen ýaşlarynyň italýan dilini öwrenmek endiklerini kämilleşdirmek mümkinçiligi diňe bir hyzmatdaşlygy ýola goýmakda däl, eýsem, ýurduň medeniýetine we taryhyna düşünmekde-de aýratyn ähmiýetlidir.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary hem öz gezeginde medeni alyş-çalyş we oňyn gepleşiklere goşant goşýan ýurduň taryhy we medeni mirasyna degişli baý maglumatlary daşary ýurtly deň-duşlary bilen paýlaşýarlar.
Daşary ýurtlylar üçin Perujiýa uniwersiteti (Università per Stranieri di Perugia) tutuş ýurt boýunça diňe daşary ýurtly talyplar üçin gapylaryny açan iki ýokary okuw mekdebiň biridir. Bu Italiýanyň iň gadymy we abraýly uniwersiteti bolup, bu ýokary okuw mekdep diňe bir talyp ýaşlara ylym öwretmek we ylmy gözleg işlerini geçirmek bilen çäklenmän, daşary ýurtdan gelen ýaşlaryň italýan diline hem-de medeniýetine bolan garaýyşyny has-da kämilleşdirýär.
Perujiýa uniwersiteti daşary ýurtlylar üçin giňişleýin bilim edarasy bolup, bu ýerde ýokary bilimiň eýesi bomak, şeýle hem italýan dili kurslaryny okap, şahadatnamalaryň eýesi bolmak mümkinçilikleri bardyr.