Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Täze Zelandiýada iň kiçijik kiwi guşuny 50 ýyldan soň ilkinji gezek gördüler

15:3517.07.2025
0
27632
Täze Zelandiýada iň kiçijik kiwi guşuny 50 ýyldan soň ilkinji gezek gördüler
Surat: RIA Nowosti

Ýitip ýok bolan hasaplanýan kiwi guşuny Täze Zelandiýada gördüler. Ol 50 ýyl bäri tebigatda görünmeýärdi.

Kiçijik tegmilli kiwini ýa-da pukupuku kiwini Günbatar kenarýakada Tebigaty goramak edarasynyň işgäri gördi. Ol bu barada biodürlüligi goramak boýunça hünärmenlere habar berdi, olar görkezilen sebite guşy gözlemäge gitdiler. Olara kiwi guşuny tapmak başartdy. Alymlar guşuň ýeleklerini genetiki barlag üçin aldylar, alnan netijeler guşuň, hakykatdan hem, birwagt ýiten hasaplanýan guşuňkydygyny tassyklady.

Guşa duýduryjy dakyp, ýene tokaýa goýberdiler, enjam guşuň hereketini yzarlamaga mümkinçilik berer.

Bu barada «MIR24» neşiri habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň