Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hindistanda krokodil zenany suwa süýredi

17:2316.07.2025
0
29354
Hindistanda krokodil zenany suwa süýredi
Surat: Abnews.ru

Hindistanly zenan Wýarma derýasynda suwa düşmekçi boldy, emma krokodiliň pidasy boldy. Ýyrtyjy ony obadaşlarynyň gözüniň alnynda suwa äkitdi diýip, «MIR 24» habar berdi.

Betbagtçylyk Madhýa-Pradeş ştatynyň Kaniýýa-Gat-Pati obasyndan boldy. 40 ýaşly Maltibaý diýen zenan derýa golaý bardy, suwa eglende, birdenkä krokodil suwdan towsup çykyp, onuň aýagyndan ýapyşdy.

Ýyrtyjy Maltibaýy süýräp derýanyň ortasyna eltdi. Güýçli akym sebäpli, obadaşlary zenany halas edip bilmediler. Wakanyň bolan ýerine Hindistanyň tokaý hojalygy we tebigy betbagtçylyklara garşy göreş boýunça gaznanyň wekilleri geldiler. Zenanyň jesedini garşy kenardaky gyrymsy agaçlaryň arasyndan tapdylar.

Hünärmenler soňky döwürde Wýanma derýasynda krokodilleriň köpelendigini aýdýarlar. Şonuň üçin derýanyň ýakasynda duýduryş ýazgylaryny oturtdylar. Emma adamlar derýa barmagyny dowam edýärler diýip, «Bhaskar English» neşiri habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň