Türkmenistanyň çäginde täze işlenip taýýarlanan Dilkent ykjam goşundysy döredildi, ol ulanyjylara iňlis dilini amatly we elýeterli usulda öwrenmekligi teklip edýär. Goşundynyň esasy aýratynlygy – iňlis diliniň sözleriniň dogry we dürs aýdylyşyny ösdürmek we grammatikanyň düzgünleri boýunça endikleri berkidip bilýän emeli aň tehnologiýasynyň ulanylmagydyr.
Özbaşdak öwrenmek — Self-Learning usulyna esaslanýan Dilkent ykjam goşundysy okuwy islendik wagt geçmäge mümkinçilik berýär. Her sapakda tematiki tabşyryklar, kiçi-ýumuşlar (mini-testler), peýdaly maslahatlar we interaktiw türgenleşik sapaklary bar. Her sapagyň ahyrynda neýroset tarapyndan döredilen iňlis dilindäki sözleriň dogry we dürs aýdylyşy boýunça maslahatlar berilýär.
Okuwa başlamak üçin Google Play ýa-da App Store arkaly ykjam goşundyny ýükläp, başlangyç sapaklary mugt geçmek elýeterli edilendir. Doly okuwa ýazylmak tölegli ýagdaýda elýeterlidir — onuň her aý üçin tölegi 100 manat. Okuwyň maksatnamasy tamamlanandan soň ulanyjylar jemleýji synagy tabşyrýarlar we okuwyň halkara şahadatnamasyna eýe bolýarlar. Mundan başga-da, has işjeň gatnaşyjylar her aýda reýting sanawyna girýärler we dürli sylaglara mynasyp bolýarlar.
Dilkent aşakdaky mümkinçilikleri hödürleýär:
- Okuwda doly özbaşdaklyk;
- Okuwyň 24/7 ulgamynyň elýeterliligi;
- Dogry we dürs aýdylyş üçin emeli aňyň kömegi;
- Okuwyň netijesi boýunça şahadatnama;
- Has işjeň gatnaşanlar üçin ýörite bonuslar we sowgatlar.
Goşundy dürli ýaşdaky we hünärdäki ulanyjylara — talyplardan başlap, bilim, iş ýa-da syýahat üçin dil boýunça ukypdyr başarnyklaryny ýokarlandyrmak ýa-da kämilleşdirmek isleýänlere çenli niýetlenendir.
Taslamanyň şygary: «Iňlis dili – islendik wagtda, islendik ýerde!» — Bu ýörelge iňlis dilini öwrenmek isleýän her bir adam üçin ony elýeterli we netijeli etmekde onuň esasy maksadyny görkezýär.