Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde bilim beriljek ugurlar

15:0316.07.2025
0
40125
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde bilim beriljek ugurlar
Surat: THP

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 27-nji iýunyndaky Permanyna laýyklykda makullanyp, täze döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine şu ýyl 500 talyby kabul etmek göz öňünde tutulýar.

Bu uniwersiteti 2025-2026-njy okuw ýyly üçin bakalawr maksatnamasy boýunça binagärlik, binagärlik gurşawynyň dizaýny, senagat we raýat jaý gurluşygy, gurluşyk materiallaryny, önümlerini we konstruksiýalaryny öndürmek, maglumat ulgamlary we tehnologiýalary, önümçiligiň we tehnologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy, agronomçylyk, azyk önümleriniň tehnologiýasy, weterinar lukmançylygy, senagat balykçylygy, buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (telekeçilikde), işewürlik we telekeçilik, söwdada we logistikada sanly tehnologiýalar, halkara işewürlik, işewürligi dolandyrmak, işewürlik hukugy ulaldylan topar boýunça taýýarlygyň ugurlaryna talyplyga kabul eder.

Uniwersitetde okuwlar tölegli esasda, türkmen we iňlis dillerinde geçiler. Okuwyň dowamlylygy 5 ýyla (1 ýyl — türkmen we iňlis dilleri boýunça dil taýýarlygy, 4 ýyl — bakalawr maksatnamalary boýunça okuw) deň bolar.

Talyplar dil taýýarlygyny geçenlerinden soňra, 1-nji okuw ýylynda bakalawr maksatnamasy esasynda bilim ulgamlarynyň ulaldylan toparlary boýunça bilim alarlar.

Talyplar 2-nji okuw ýylyndan, isleglerine hem-de okuwa ýetişigine görä, bilim ulgamlarynyň ulaldylan toparlaryna girýän taýýarlygyň degişli ugurlary boýunça okuwlaryny dowam ederler. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň