Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Awstriýaly 110 ýaşly zenan uzak ömrüniň syryny paýlaşdy

14:1516.07.2025
0
19907
Awstriýaly 110 ýaşly zenan uzak ömrüniň syryny paýlaşdy
Surat: Gazeta.ru

Awstriýanyň iň uzak ýaşly raýatlarynyň biri Emma Wenda Wenadaky garrylar öýünde110 ýaşyny belledi. Garry ene özüniň uzak ömrüniň syry barada «Need To Know» neşirine gürrüň berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Emma Wenda 1915-nji ýylda doguldy. Uruşdan öň aşpez bolup işledi, 1940-njy ýyldan başlap, tramwaýyň konduktory boldy. 1970-nji ýylda pensiýa çykdy. Adamsy 1969-njy ýylda ýurduny täzeledi. Olaryň alty çagasy dünýä indi.

Zenan häzir hem ruhubelentligini saklaýar: audiokitaplary okaýar, täzelikler bilen gyzyklanýar, adamlar bilen söhbetdeş bolmagy halaýar. Dogan-garyndaşlary onuň bilesigelijidigini belleýärler, hut şu häsiýeti hem onuň durmuşa bolan söýgüsini kesgitleýär.

Žurnalistler bilen gürrüňde Wenda özüniň uzak ýaşamagynyň sebäbini ýaşka kyn durmuşda ýaşandygy bilen düşündirýär, hemişe ýetde-gütde durmuş, uruş ýyllary doýagarna iýmezlik onuň saglygyny taplapdyr.

Uzak ýaşly enäni doglan güni bilen gutlamaga diňe onuň ýakynlary däl, Wenanyň häkimi Mihael Lýudwig hem geldi, ol Wenda enä bezemen şirin nan sowgat getirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň