Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Dört türkmen ýüzüjisi suwdaky sport görnüşleri boýunça Singapurda geçiriljek dünýä çempionatynda çykyş eder

15:0215.07.2025
0
17201

Düzümi dört ýüzüjiden ybarat bolan Türkmenistanyň suwda ýüzmek boýunça milli ýygyndysy 11-nji iýuldan 3-nji awgusta çenli Singapurda geçirilýän suwdaky sport görnüşleri boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar. Bu barada worldaquatics.com saýty habar berýär.

Milli toparyň düzümine Dawid Akopýan (50 m batterflýaý, 200 m utgaşykly ýüzmek), Musa Žalaýew (50, 100 m erkin usulda), Anastasiýa Morginştern (50, 100 m erkin usulda) we Aýnura Primowa (50, 100 m arkanlygyna ýüzmek) girdi. Suwda ýüzmek boýunça ýaryş 27-nji iýuldan 3-nji awgusta çenli geçiriler.

Dünýä çempionaty Olimpiýa oýunlaryndan soň dünýäde suwda ýüzmekde ähmiýeti boýunça ikinji ýaryş bolup durýar. Bäsleşigi geçirmek üçin Singapurda olimpiýa standartlaryna laýyk gelýän üsti ýapyk 50 metrlik ýörite suw howdany guruldy.

Ýaryşa 210 ýurtdan we çäklerden 2,5 müňden gowrak türgen gatnaşar, şolaryň arasynda dünýäniň suwda ýüzmek sportunyň ýyldyzlary hem bar: köp gezek olimpiýa çempiony fransuz Leon Marşan, kanadaly ýüzüji Sammer Makintoş, amerikaly ýüzüji Keti Ledeki, italýan Tomas Çekkon we awstraliýaly Keýli Makkioun.

Çempionatyň baýrak gaznasy 6 million dollara barabar.

Türkmen ýüzüjileriniň çykyşlarynyň tertibi:

  • Dawid Akopýan (18 ýaş): 27-nji iýul – 50 m batterflaý usulda ýüzmek, 30-njy iýul – 200 m utgaşykly ýüzmek;
  • Aýnura Primowa (18 ýaş): 28-nji iýul – 100 m arkanlygyna ýüzmek, 30-njy iýul – 50 m arkanlygyna ýüzmek;
  • Musa Žalaýew (22 ýaş): 30-njy iýul – 100 m erkin usulda ýüzmek, 1-nji awgust – 50 m erkin usulda ýüzmek;
  • Anastasiýa Morginştern (19 ýaş): 31-nji iýul – 100 m erkin usulda ýüzmek, 2-nji awgust – 50 m erkin usulda ýüzmek.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň