Fransiýalylar ýorgan-düşek tagtabitlerinden ejir çekmegini dowam edýärler diýip, «BFMTV» teleýaýlymy habar berdi.
Teleýaýlymyň saýtyndaky makalada tagtabitleriň Fransiýa 15 ýyl bäri ejir berýändigi, olaryň hiç ýere ýok bolup gitmeýändigi, olaryň ýitip ýok bolmagy üçin hiç hili çäräniň ýokdugy aýdylýar. Galyberse-de, hünärmenler ýagdaýyň has ýaramazlaşýandygyny, çözgüdiniň ýokdugyny belleýärler.
«Bu mesele hemişe-de çynlakaý bolar. Hatda 2023-nji ýylda habar beriş serişdeleri onuň töwereginde gopgun turzanam bolsalar, bu meseläniň 15 ýyl bäri dowam edýändigine düşünmek gerek» diýip, Uniwersitet klinikasynyň entomolog-lukmany aýdýar.
2023-nji ýylda Fransiýa Olimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasynda bu zyýankeşleri ýok etmek üçin uly çäreler toplumyny geçirdi.